Agza Boluň
    Dünýä Türkmenleriniň birleşen nokady

Goşgy

Hanymlar we jenaplar, goşgy bilýänleriňiz bar bolsa paýlaşaýsyn, bizem öwreneli :)
Let's put a smile on that face <img src="http://www.e-dostluk.com/file/pic/emoticon/default/smile.png" alt="Ýylgyryş" title="Ýylgyryş" title="v_middle" />
Öwretdiñ garany öwretdiñ agy,
Köpeldi saçyñ agy,gözüñde awy.
Şahyr diýdi besdir daglañ garrany,
Garrasak biz garraly, sen garrama ejejan...
(SyKE)
Dünýä ýatyr küýsäp, ertirki güni,
Menem uhladym dileg edip gowlugy.
Ýüzüñde gijäñ uhusyzlygy,
Bir azajyk ýataý ahyr ejejan...
(SyKE)
Men samsyk men, çatardym saňa gaşymy,
Diñeje güleňde, görkezsin göz ýaşyñy,
Haýyş edýän, gitme... Ölýänçäm ýanymda gal...
Ýa-da gitjek wagtyñ, meni hem ýanyň bilen alyp git...
(SyKE)
Iki aýal tanadym şu wagtda çenli,
Menden alma olary, soñky demime çenli...
Biri aýagynyň astyna aldypdyr,
Beýleki ýylgyrşynda gizläpdir, jenneti...
Kabul etmek gaty kyn, näme üçin taşlap gitdiň?
Asmanda ýyldyz kän, haýsysy sen ejejan?
Meni duýýan bolsaň, saňa aýtjak sözüm bar...
Hiç aýtmandym, kän garaşdyň, "seni söýýän ejejan"
Men garradym, sen gelmediň...
Gyzyma adyňy berdim...
Saňa gaty meňzeýäää görýämiň ejejan...
Oňa diýdim: "Wagtym geldi, ejemiň ýanyna barýan"
Diýýä: "Kaka, meni hem ýanyň bilen alyp git"
Ine, indi düşündim, ýeke goýup gideniňe,
Çäresizligiňe düşündim, soňky demimde.
Wah ejejan, indi, ne sen ne-de men ýeke däl,
Men geldim ýanyňa, seretsene ejejan...
Ýarym asyr hasratymy gujagyňda eretsene ejejan...
EsQeudero
   muny halady.
Sagatlar Türkmenistanyň sagat zologyna görä düzülendir (GMT +5). Şu wagt Türkmenistanyň ýerli sagady: 04:04