Agza Boluň
    Dünýä Türkmenleriniň birleşen nokady

Firmalar üçin Kanun

Ýazan:
Ýaňy ýakynda çykarylan täze bir kanuna görä Türkmenistandaky ýörgün firma, magazin we dükanlara adam ady goýmak gadagan edildi. Bu düzgüne boýunça täze açyljak firmalaryň ady adam ady bolup bilmeýär. Şeýlelik bilen hem şu wagt ýörgün bolan we öň adam adyna açylan firmalar adyny üýtgetmeli. Firma ady talaba laýyk gelýänçä işleri togtadylar.
Munuň iň esasy sebäbi bolsa, Türkmenistandaky köp firma, magazin we dükanlar berýän hyzmatlaryna gelişýän atlarynyň bolmamazlygy. Mysal üçin, elektronika magazinlerine "Merdan Magazin", ýa-da mobilýa garnitur firmalaryna "Merjen" ady berilmegi bilen dükanlaryň berýän hyzmatlary we satýan harytlary arasynda hiç hili baglanyşyk ýok. Hat-da bu atlar gaty gelişiksiz. Soňky wagtlarda açylyp duran kafe we restorantlaryň hem köpsi diýen ýaly adam atlaryny göterýär.
Meniň pikrimçe çykarylan bu kanuna gaty ýerlikli boldy.