Agza Boluň
    Dünýä Türkmenleriniň birleşen nokady

Harby gulluk baradaky täze kanun 2013

Ýazan:
Täze kanuna görä, Türkmenistanda harby gullugyň möhleti iki ýyl. Saglygy harby gullugyň talaplaryny kanagatlandyrmaýan ýigitler ýa-da beýleki bir döwletlerde harby gulluk borjuny ýerine ýetirenler, ylmy derejesi bolanlar harby borçlulykdan boşadylýarlar.
Täze kanunda öňler harby gulluk etmek 18 ýaşdan 30 ýaşa çenli bolan bolsa, häzir 27 ýaşa getirildi. Bu dünýä standartlaryna hem gabat gelýär. 26 ýaşyna çenli, ýagny 26 ýaşy dolýança, talyplara – ol ÝOJ-my ýa-da ýokary hünär okuw mekdebimi, muňa garamazdan, raýatlara harby gulluga çagyrylmak möhletini yza süýşürmek hukugy berilýär.
Harby komissariatyň bir işgäriniň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaýa ýüz urulmagy ýöne ýerden däl. Orta mekdepleriň on ýyla, ýokary okuw jaýlarynyň bolsa bäş ýyla getirilmegi, şeýle hem studentleriň Türkmenistan boýunça okuwa kabul edilýänleriniň sanynyň ýyl geldigiçe artmagy, daşary ýurda bilim almak üçin çykyp gidýän studentleriň aşa artmagy, harby gulluga alynmaly esgerleriň ýetmezçilik etmegine öz täsirini ýetirip başlapdyr. Onsoň hem Türkmenistanda birnäçe ýokary okuw jaýlarynda harby kafedra açylansoň, ol ýerde bilim alan studentler harby gulluga gitmeýärler. Harby kafedrasy bolmadyk ýokary okuw jaýlaryny tamamlan studentler hem ozalky ýaly bir ýarym ýyl däl-de, bir ýyl gulluk edýärler. Şeýle ýeňillik (привилегия) döwlet tarapyndan daşary ýurtlarda bilim alýan studentlere hem degişlidir. Döwlet tarapyndan daşary ýurtlara iberilýän studentlere okuwyny tamamlaýança, harby gulluga gitmek möhleti yza süýşürilýär. Şeýle ýeňillik daşary ýurtlarda öz hasabyna okaýan studentlere hem ozal bardy, ýöne bu ýyl welin ol ýeňillik ýatyryldy.
Türkmenistanda soňky döwürde harby goşuna, esgerleriň maddy-hal ýagdaýyna, olaryň harby taýýarlygyna köp üns berilýär.