Agza Boluň
    Dünýä Türkmenleriniň birleşen nokady

TmMedrese Yazgylaryndan Derleme

Ýazan:
Sorag: Çorek ursun, duz usrun diymek, ya-da käbe and içmek günämi.
Jogap: Käbä, Pygambere, duza, çörege we başga mahluklara kasam etmek şirkdir. Pygamberimiz Muhammed sallallahu aleýhi we sellem bu barada şeýle diýendir: “Kim Allahdan başga zada kasam etse ýa kapyr bolar ýa-da müşrük bolar.” (Tirmizi: 1535) “Atalaryñyza kasam etmäñ. Kim kasam etse ýa Allaha kasam etsin ýa-da dymsyn.” (Buhari: 6108, Muslim: 1646)
Sorag: Kelimeyi şahadatyn manasy name?
Jogap: Manysy: Bir Allahdan başga hak ilähyñ ýokdugyna we Muhammediñ (sallallahu aleýhi we sellem) Onuñ Resuludygyna şaýatlyk edýärin.
Sorag: Gurbanlyk etinden gurbanlyk eden kişi iýse bolýarmy?
Jogap: Gurbanlyk kesen kişiniñ etden özi üçin aýyrmagy, sowgat etmegi we sadaka bermegi rugsatdyr.
Allah Tagala aýatda: “Olardan hem özüñiz iýiñ we eklenji peslere, garyplara iýdirñ.” (Haj,22/28)
Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellem gurbanlyk barada: “Iýiñ, iýdiriñ we özüñiz üçin alyp goýuñ.” (Buhari) Başga hadysda:“Özüñiz iýiñ, alyp goýuñ we sadaka beriñ.” (Muslim)
Gurbanlyk etiniñ näçe böleginiñ sadaka ýa-da sowgat edilip, näçe böleginiñ gurban keseniñ özi üçin alynjagy barada çäklendirme ýokdur. Mynasyp bolany üçde biriniñ iýilmegi, üçde biriniñ sowgat edilmegi, üçde biriniñ sadaka edilmegidir.
Gurbanlygyñ etini, derisini ýa-da başga agzasyny satmak ýa-da damak çalan kişi üçin töleg köküminde bermek jaiz däldir.
Sorag: Iman näme?
Jogap: Iman sözüniñ arapça sözlük manysy “tasdyk” diýmekdir. Bir kişi “Allaha iman etdim” diýse, “Allahy tasdyk (kabul) etdim” diýmekligi añladar.
Şerigatda bolsa: “Iman kalbyñ bilen tasdyk etmek, dil bilen aýtmak (ykrar) etmek we bedeniñ bilen amal etmekdir, iman ýagşy amal etmek bilen artar, günä iş etmek bilen azalar” diýip, ähli-sünnet alymlary düşündirendirler. Ymam Buhari (rahimahullah) aýdýar: “1080 kişiden hadys aldym, olaryñ içinde diñe hadysçylaram bardy. Olaryñ hemmesi: “Iman söz we amaldan ybaratdyr, artar we kemeler” diýerlerdi.” (el-Lalekai, Şerhu Itikadi Usulu Ehlis-Sunne)
Hanafi alymlaryndan Ibn Ebil-Iz el-Hanafi (rahimahullah) şeýle diýýär:
"Ymam Mälik, Şafi, Ahmed, Ewzai, Ishak bin Rahaweýh, başgada ençeme hadysçylar, Medineliler, Zahiriler, we kelamçylardan bir topar jemagat imanyñ kalp bilen tasdyk, dil bilen aýtmak (ykrar) we bedeniñ bilen amal etmekdigine ijma etdiler.” (Şerhul-Akideti-Tahawiýýe)
Ýokardaky agzalan imanyñ düşündirlişinden hem belli boluşy ýaly hakyky iman kalbyñ bilen şeksiz-şübhesiz ynanyp tasdyk etmekdir, soñra diliñ bilen aýtmakdyr we ol tasdyk edip, diliñ bilen ykrar eden zadyña amal etmekdir. Bu üç zady özünde jemlän kişä mü'min diýilýär. Eger bir kişi dili bilen iman etdim diýse we bedeni bilen amal etse, emma kalby bilen ynanyp, tasdyk etmese bu kişiniñ iman etdigi bolmaz.
Eger-de kalbyndan ynanyp, dili bilen aýtsa, emma amal etmese bu-da kämil iman eýesi bolup bilmez. Amalsyz imandan peýda ýokdur. Eger diñe Allaha ynanyp, tasdyk etmekden peýda bolsady, Iblis kapyr bolmazdy. Çünki Iblis Allahy inkär etmeýärdi. Iblis Allaha ynanýardy. Hatda Iblisiñ günümizde käbir ynsanlaryñ aýdyşy ýaly Allahy gören barmy? Ýa-da o dünýä gidip gelen barmy? ýaly soraglary ýokdy. Iblis Allah tagalanyñ buýrugyny ýerine ýetirmänligi üçin kapyr boldy. Kuran-Kerimde Allah tagala Iblis barada:“Haçanda biz perişdelere Adama sežde ediñ diýenimizde. Olar sežde etdiler, diñe Iblis tekepbirlendi we kapyrlardan boldy.”(Bakara,34)
Akyda-da imanyñ meşhur Jibril hadysynda beýan edilişi ýaly alty sany rüküni bardyr. Iman: Allaha, perişdelere, kitaplara, pygamberlere, ahyrýet gününe we kadara iman etmekdir. Bu alty rüküne iman etmeýän kişi kapyr bolar.
Sorag: Yslamda gyz alyp gaçmaga rugsat berilýärmi? (Dini ynançlar)
Jogap: Yslamda gyz alyp gaçmak haramdyr! Bu ýagdaýda weliniñ rugsadyny almanlygy üçin nika düşmez we nika gyýylsada nika batyldyr (ýagny gyýylmadyk ýalydyr). Bu ýagdaýda bolan jynsy gatnaşyk zynadyr we bolan çagada weledizinadyr (zynadan bolan çagadyr).
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bu barada, Aýşa enemizden (radiallahu anha) rowaýat edilen sahyh hadysynda şeýle diýýär: “Bir zenan welisiniñ1 rugsady bolmasa nika gyýdyryp bilmez. Eger (weliden rugsatsyz) nika gyýylsa, ol nika batyldyr; ol nika batyldyr; ol nika batyldyr.”