Agza Boluň
    Dünýä Türkmenleriniň birleşen nokady

Size sorag

Ýazan:
Tanalýan bir firmanyñ başlygy işe girmek isleýänlere bir sorag sorapdyr we soraga iñ makul jogaby beren adamy işe alypdyr. Bu soragda dogry ýada ýalnyş jogap diýen bir zat ýok diñeje pikirlenip göräýmeli.
Sorag şeýle:
Garañky bir gijede ýagyş ýagyp dur, apy-tupan bolup dur, gök gümmürdeýär we sizem gije sagat 02:00-de ýeke özüñiz öñi-yzy görünmeýän bir ýolda maşynda gidip barýanyz. Maşynyñyzam iki(2) adamlyk. Azyrak añyrda awtobus duralgada 3 adam size garaşýar. 1-njisi bir doktor sizi öñ has möhüm bir keselçilikden sagaltdy(durmuşyñyzy size gaýtaryp berdi). 2-njisi garry we kesel bir adam, soñky demini sanap dur(ölümiñ öñ ýanynda). 3-njisi durmuşyñyzyñ arzuwy, hemişe tanyşmak islän adamyñyz(oglan/gyz). Howa barha erwetleşýär we maşynyñyzda diñe bir adama ýer bar. Siz şeýle ýagdaýda näme ederdiñiz?
Soragy gowy pikirleniñ we soñ jogap berin. (Özüñiz başda soraga jogap bermän aşakdakylary okamañ.)
İşe girmek isleýänlerden käbirleriniñ jogaplary şeýleräk:
A) Kesel adamy iñ ýakyn hassahana(balnisa) äkiderdim.
B) Doktor öñ meniñ durmuşymy mana gaýdyp berdi, ony ýanyma alardym.
C) Aslynda pikirlenip görsem elbetde kesel adamy alardym ýöne özümiñ geljegim we durmuşym üçin hemişe tanyşmagy arzuw eden adamymy alardym.
Bärde dogry ýada ýalnyş jogap diýen bir zat ýok, diñeje her bir adamyñ(işe girmek isleýän adamlaryñ) bu ýagdaýa düşünişi we ele aşyly bar. Bu soraglaryñ netijesinde, işe girmek isleýänleriñ 90%-n jogaby “garry we kesel adamy alardym” bolupdyr. Yöñe diñeje bir adam işe alynypdyr. Ol işe alynan adamyñ jogaby nämekä?
   muny halady.