Agza Boluň
    Dünýä Türkmenleriniň birleşen nokady

Birbal. "Jadyly daş"

Ýazan:
Bir gün agşamlar patyşa Birbaly hem ýanyna alyp, gezelenje çykypdyr. Olar gidip baryşlaryna gürrüñe gyzyp, Madhýa bazaryna ýetenlerini hem duýman galypdyrlar.
Bazarda islän zadyñ bar ekeni. Bazarlyk işleri ýok bolany üçin, olar ýüzleriniñ ugruna geçip gidibermekçi bolanlarynda, patyşanyñ ýoluñ gyrasynda kibtini gysyp duran bir geñ kempire gözi düşaýipdir. Elinde köne ganly bir gylyç bar ekeni.
Garry adamlarda käte oñat zatlar hem bolaýgyç bolýar diýip, patyş pikir edipdir-de, kempiriñ elindäki gylyjy synlamak isläpdir. Ol şol maksat bilenem atynyñ başyny yzyna öwrüp, kempiriñ golaýyna barypdyr-da:
-O gyljy näme üçin bazara getirdiñ?- diýip sorapdyr.
-Eý, garyp bendeleriñ howandary! Men muny satmak üçin getirdim- diýip, kempir oña jogap beripdir.- Köpden bäri dulumda ýatyrdy. Güzeran dolamagam indi añsat däl. Başga-da satara-sowara zadym bolmansoñ, şuny bazara çykaraýdym.
Patyşa gylyjy gynyndan çykaryp, synlamaga durupdyr.
Gylyç derde ýarar ýaly däl ekeni. Posuñ derdinden gylawy-dagy kertilip, diş-diş bolup gidipdir.
Patyşa kempiriñ gyljyny gaýtaryp, eline beripdir. Kempir gyljyny ilkinji gezek görýän ýaly, oña çiñrelip-çiñrelip garapdyr.
Patyşa kempiriñ bolşuny geñ görüp:
-Näme beýle seretdiñ? Gyljyñ öñküsinden üýtgäýendir öýtdüñmi?- diýip sorapdyr.
-Eý, şahy-älem! Men gulpagymy ykjadyp, towsaklap ýören çagakam jadyly bir daş barada hekaýatlar eşiderdim. Jadyly daş demre degende, demir altyna öwrüläýýärmiş diýip aýdardylar. Bu gün ynha şol aýdylýan jadyly daş, ýagny siziñ merhemetli eliñiz meniñ demir gylyjyma degen hem bolsa, ol üýtgemän, öñküligine galyberdi. Şolam meni geñ galdyrdy- diýip, kempir gyssanman, oña jogap beripdir.
Patyşa kempiriñ jogabyny halap, oña hazynadan gyljyna agramma-agram altyn bermegi buýrupdyr.
Birbal sesini çykarman, bir gapdalda duran hem bolsa, garry aýalyñ ýeserligine hem-de Akbar şanyñ jomartlygyna öz ýanyndan begenipdir.
  we   muny halady.
Joker
:( gyzyksyz
  • 27 Ýanwar 2013
  • ·
  • Bet  ·
Batyr
men haladym , sheyle rovayatlary yzyny üzmän ýazyp durmagyňy haýysh edyarin tmboy?
  • 01 Fewral 2013
  • ·
  • Bet  ·
Tmboy
Joker gyzyksyz bolsa okama.
  • 06 Fewral 2013
  • ·
  • Bet  ·
Joker
10 gun son aytyanmy ony :P
  • 06 Fewral 2013
  • ·
  • Bet  ·
Tmboy
Tapawudy näme?
  • 07 Fewral 2013
  • ·
  • Bet  ·
Joker
:P
  • 07 Fewral 2013
  • ·
  • Bet  ·
Viva La Vida :)
:-)
  • 01 Mart 2013
  • ·
  • Bet  ·