Agza Boluň
    Dünýä Türkmenleriniň birleşen nokady

Turkmenler Etniki Toparmy ? Milletmi?

Ýazan:
Biz - türkmenler, etniki toparmy ýa-da tutuş bir milletmi!? Elbetde millet ýöne...
Bu temany 12-nji ýanwara gabatlap açmagymyň simwoliki manysynyň bardygyny öňünden ýatladyp gürrüňe başlasym gelýär.
Hawa. Bu gün 12-nji ýanwar - Gökdepe şehitlerini ýatlama güni. Ýöne meniň etjek gürrüňim diňe bir gökdepe barada däl, eýsem tutuş türkmen halky, türkmen milleti barada. Eýýäm üstünden 130 ýylaý golaý çemesi wagt geçenem bolsa bu söweş baradaky jedeller halk arasyndan daýhanyndan şofýoryna, mugallymyndan ministrine çenli gürrüň edilip häli şindi gyzykly mejlisleriň hem gürrüňdeşlikleriň temasy bolup gelýär. Ýagny, gala synanda ol kömege gelmedi hä bul kömege gelmedi diýlip gürrüňler ýatyşyberenok. Ony çetledip muny alkyşlap, beýlekä gargap, aňyrkyny uzaklaşdyryp, o çetdäkini ýakynlaşdyryp, bu çetdäkini öz içine alýan aýrylşyklar we üzňelikler barada gürrüňler edilýär. Käwagt soňy gahar gazap bilen, kä halatda bolsa soňy düşünişmek bilen netijelenýär.
Umuman aýtjak bolýan zadym; biz entägem tire taýpa gürrüňini edýäsmi!? Edýän bolsak muňa näme sebäp bolup biler? Ýa da biz entek doly millet hökmünde kämilleşmedikmi???
Arada Awstraliýaly bir işdeşim menden türkmenler etniki toparmy diýip sorady. Eýsem biz entek doly millet bolmany entiki toparmy? Men oňa bildigimden etniki topar däldigimizi tutuşlygyna bir milletdigimizi Seljuk türkmenlerini, Osman türkmenlerini jikme jik gürrüň berjek bolanam bolsam ol menden millet hökmünde öz topraklaryňyzy goramak üçin gan döküşikli söweşiňiz bolupmydy diýip sorady. Men hem oňa Gökdepe galasyna gabalyp ölen türkmenler barada gürrüň berjek bolanam bolsam ol söweşe ähli türkmenleriň gatnaşyp gatnaşmagyndan doly habarym ýokdy.
Eger-de biz etniki topar däl bolsak onda näme üçin sen ol ýerli men bu ýerli diýen gürrüňler entägem halk içinden giňden tutaşyp barýar. Bir wezipe eýe bolan türkmenjik özüniňkini çekmek bilen bolýar. Olaryň ýerinde men bolsam näderdim!? Belki menem şolar näme edýän bolsa şony ederdim. Bilmedim.
Aýdaly taryhda uly yz galdyranmyşyk. Seljuk türkmenleri ýene beýlekiler. Onda aýdyp bilerismi; Togrul beg tekemidi, ýomutmydy, nämedi!? Ýa da Alp Arslan haýsy tiredendi!?
Ýa da bolmasa has uzaga gideli. Ahal welaýatynyň teritorýasynda Nusaý galasy bar. Ol Parfiýa döwletine degişli bolanlygy barada (ýalňyşmasam) faktlar bar bolmaly. Şol ýeriň irki ýaşaýyjylary türkmenlermi!? Türkmenler bolsa olar tekemidi, ýomutmydy nämedi!?
Garaz, gepiň tümmegi bizde teke ýomut düşünjesi haçandan bäri döredi. Pikirimçe bu gaty uzak wagt ozal döremedik bolmaly. Eger şeýle bolan bolsady biz bireýýäm kimiň tekedigini, kimiň bolsa ýomutdygyny kimiň beýlekidigini ýadymyzdan çykarardyk!?
Siz nähili garaýarsyzňyz!?
Goşmaça bellik:
Ilki bilen millete we etniki topara düşündiriş bereli!
Aýdaly, millet:
*öz döwleti bolan
*patriotizm duýgularyna eýe bolan halka aýdylýar.
* milletde indiwid bilen döwletiň arasynda gatnaşyk bar
ÝÖNE
Etniki topar;
* dini, medeni, edim gylym hem - de däp dessur taýdan şol bir meňzeş biri birine baglanyşykly bolan adamlaryň emele getirýän köpçüligine aýdylýar. Etniki topar bir döwletiň içinde bar bolan, ýöne ol döwletiň milli taýdan degişli bolmadyk halk köpçüligine aýdylýar.
ŞU IKI NUKDAÝNAZARDAN ÇEMELEŞENIMIZDE:
Hawa, göräýmege biziň öz döwletimiz bar ýöne döwleti emele getiren halk köpçüliginiň öz arasynda sen ol men bu diýen düşünjeler has hökmürowan we milli patriotizm hamana ejiz ýaly. Garaz şeýle; hany kakar bereli biz toparmy, milletmi. Eger buýsanyp hawa men türkmen diýýän bolsak muny joşup howalanyp boş çişip aýdýarysmy ýa da agzybirligi doly berjaý edýänimiz üçin aýdýarysmy!?
Çeşme: yelharaz.com
Joker
uzyn ekeni, okasym gelmedi :)
  • 23 Ýanwar 2013
  • ·
  • Bet  ·
Joker
Yelharaz.com arassaja sayt ekenay, kiminki o
  • 23 Ýanwar 2013
  • ·
  • Bet  ·
Ihlas Nobatovich
dz'dan begmurat bayryyew...
  • 23 Ýanwar 2013
  • ·
  • Bet  ·
Joker
Inlisce Mugallymmy?
  • 23 Ýanwar 2013
  • ·
  • Bet  ·
Ihlas Nobatovich
kttm dal, dttm...
  • 23 Ýanwar 2013
  • ·
  • Bet  ·