Agza Boluň
    Dünýä Türkmenleriniň birleşen nokady
    IÇINDÄKILER MAZMUNY:
  1. Türkmenistanyň Taryhy
  2. Türkmenistanyň Baýdagy we Gerb Amblemi
  3. Türkmenistanyň Pasporty
  4. Türkmenistanyň Geografiki Ýerleşigi
  5. Türkmenistanyň Relýefi
  6. Türkmenistanyň Klimaty
  7. Türkmenistanyň Suw resurslary
  8. Türkmenistanyň adminstratiw-territoriýal bölünişi
  9. Türkmenistanyň Ykdysadyýeti
  10. Türkmenistanyň Taryhy we Gezelenç Ýerleri
  11. Türkmenistanyň Bäş Eýýamy
  12. Türkmenistanyň Mukaddes Ruhnama Kitaby
  13. Türkmenistanyň Ýokary Okuw Jaýlary (Institutlary - Uniwersitetleri)
  14. Türkmenistanyň Ministerleri
  15. Türkmenistanyň Symbollary
  16. Türkmenistanyň Poçta Kodlary
  17. Türkmenistandaky Bellenilýän Günler

Türkmenistanyň Taryhy

Asly Oguzhandan gaýdan bäş müň ýyllyk Türkmen taryhynda Türkmenler 70-den gowrak döwlet gurupdyrlar. Saparmyrat Nyýzowyn (Türkmenbaşynyň) ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ýokary Soweti 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda geňeşiň barşynda halkyň mälim eden erk-islegini, Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döwlet özygtyýarlylygy hakyndyky Jarnamany durmuşa geçirmek bilen 27-nji oktýabrda "Doly Garaşsyzlygy"ny ähli dünyä jar etdi.

Türkmenistanyň Baýdagy we Gerb Amblemi


Türkmenistanyň Pasporty

Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin biometrik maglumatly pasportyny 2008-nji ýylyň 10-njy iýulyndan ulanyşa girizildi. Türkmenistanyň raýatlarynyň ulanýan öňki pasportlary bolsa 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyndan soň ýörgünligini ýitirdi.

  1. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty Türkmenistanyň raýatyna Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin hukuk berýän hem-de daşary ýurtlarda bolanda onuň şahsyýetine güwä geçýän resmi nama bolup durýar.
  2. Pasport Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar hem-de dünýäniň ähli döwletlerine gitmek üçin hakykydyr. Pasport türkmen we iňlis dillerinde ýasalýar.
  3. Türkmenistanyň raýaty pasportyny ýitiren halatynda Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin şahsyýetini tassyklaýan resmi namasy Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resmi nama bolup durýar, ony Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleri ýa-da konsullyk edaralary berýär.
  4. Pasport Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan resmileşdirilýär. Pasport Türkmenistanyň her bir raýatyna, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalara resmileşdirilýär.
  5. Pasport raýatyň şahsy arzasy boýunça berilýär. Ýaşy 18-e çenli bolan çagalara we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlara pasport olaryň ata-enelerinden ýa-da kanuny wekillerinden biriniň kepillendiriş edarasy tarapyndan güwä geçilen towakganamasy esasynda resmileşdirilýär. Pasport kämillik ýaşyna ýetmedik çaga resmileşdirilende onuň bolmagy hökmandyr.
  6. Pasport on ýyla çenli, 16 ýaşa ýetmedik çagalara – bäş ýyla çenli möhletde berilýär. Pasport eýesiniň hut özüne ýa-da onuň kanuny wekiline arza berijiniň şahsyýetine güwä geçýän resmi namalary görkezmegi boýunça gol çekdirilip berilýär.
  7. Eger Türkmenistandan gitmek şol gidýän raýatyň saglygynyň gyssagly bejerilmegi ýa bolsa Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan ýakyn garyndaşynyň agyr kesellemegi ýa-da aradan çykmagy, ýa beýleki gaýragoýulmasyz ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolsa, pasporty resmileşdirmek baradaky arza üç iş gününden giç bolmadyk möhletde garalýar.
  8. Zerur halatlarda pasportlar raýatlaryň arzasy boýunça çalşylyp bilner. Pasportlar şu halatlarda çalşylýar: hereket edýän möhleti tamamlananda; familiýasy, ady we atasynyň ady üýtgände; ýazgylarda nätakyklyk ýüze çykarylanda; ulanmaga ýaramsyz bolanda; ygtyýarnamalar we bellikler üçin göz öňünde tutulan sahypalar gutaranda.
  9. Pasportlar olary resmileşdirmek üçin bellenilen tertipde çalşylýar. Pasportyň eýesi: pasporty aýawly saklamaga; ygtyýarly wezipeli adamlaryň talaby boýunça ony görkezmäge; onuň ýitirilmegi ýa-da tapylmagy barada migrasiýa gullugynyň edaralaryna wagtynda habar bermäge; täze pasport alanda könesini tabşyrmaga; pasport ulgamynyň kadalaryny berjaý etmäge borçludyr. Tapylan pasportlar migrasiýa gullugynyň edaralaryna tabşyrylmaga degişlidir.
    Türkmenistan raýatlary 3 hili pasport berýär:
  1. Umumy Pasport (18 ýaşyny dolduran Türkmenistan raýatlarynyň hemmesiniň şul görnüşdäki pasporty almana haky bar)
  2. Hususy Pasport (18 ýaşyny dolduran Harby we Ylmy ýokary okuw jaýlarynda-institutlarynda ya-da döwlet edaralarynda işleýän Türkmenistan raýatlarynyň şul görnüşdäki pasporty almana haky bar)
  3. Diplomatiki Pasport (18 ýaşyny dolduran hökümet adamlarynyň, mejlis wekilleriniň, we Harby gullukda weziplenen Türkmenistan raýatlarynyň şul görnüşdäki pasporty almana haky bar)

    Türkmenistanyň UMUMY zagran pasporty bilen şu döwletlere viza aformlýat etmän (vizasyz) gidip bolýar:
  • Georgia
  • Indonesia
  • Malaysia
  • Philippines
  • Barbados
  • Ecuador
  • Haiti
  • Gambia
  • Namibia
  • Samoa
  • Antigua and Barbuda

    Bu döwletlerden başga şu aşakda ýazylan döwleteriň aeroportlaryna gelende şol ýerde viza alyp gidip bolýar:
  • Azerbaijan
  • Iran
  • Tajikistan
  • Maledives
  • Sri Lanka
  • Lebanon
  • Israel
  • Nepal
  • Bangladesh
  • Laos
  • Cambodia
  • Bolivia
  • Nicaragua
  • Jamaica
  • Mauritania
  • Guinea Bissau
  • Togo
  • Uganda
  • Madagascar
  • Mosambik
  • Zimbabwe
  • Djibouti
  • Mauritius
  • Comoros
  • Seychelles
  • Macao
  • Timor-Leste
  • Koror
  • Micronesia
  • Western Samoa

Türkmenistanyň Geografiki Ýerleşigi

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde demirgazyk giňişligiň 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyň 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyň aralygynda, Köpetdagyň demirgazygynda, günbatarynda Hazar deňzi, gündogarynda Amyderýa aralygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidýär we 491,2 müň inedördül kilometr meýdany tutýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy bilen, gündogarda we demirgazyk-gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen we günorta-gündogarda Owganystan bilen serhetleşýär, günbatarda bolsa Hazar deňziniň suwy tolkun atýar.

Türkmenistanyň Relýefi

Türkmenistan çäginiň ýerüsti gurluşy boýunça deň bolmadyk iki bölege bölünýär: uly-düzlük-çöllük we kiçi-dag etek we daglyk. Türkmenistanyň ähli düzlük bölegi geografiki gatnaşykda Turan pesligine (oýluklaryna) degişlidir, onuň çäklerinde landşaftyň üç topary tapawutlanýar: a) üsti tekiz belentlik, b) çäge çöllük, ç) dag etek tokaýly düzlük. Birinji topara Krasnowodsk tekiz belentligi, Üstýurduň we Maňgyşlagyň ýakalary, ikinji topara-Merkezi, Günorta-Gündogar we Zangunz Garagumy, üçünji topara-Köpetdagyň we Paropamiziň ähli demirgazyk etekleri degişlidir.
Türkmenistanyň çäginiň ýerüstüniň azyndan bäşden bir bölegini daglar eýeleýärler. Onuň günorta serhedinden Köpetdagyň gerişleri uzaýar, ondan demirgazyk-günbatarda Uly we Kiçi Balkan daglary ýerleşendir. Türkmenistanyň gündogar çetinde Köýtendag daglary bardyr, olar Gissar dag ulgamyna degişlidir.
Düzlük ýerler esasan tekizlikde goňrumtyl toprak bilen we dag etekleri takyr görnüşli gadymy düzlükler, Garagumyň ymgyr çägi çäge-çöllügine, derýaly jülgeler, çemenlik, otluk ýerler, şorluk ýerler bilen gurşalandyr.

Türkmenistanyň Klimaty

Türkmenistan üçin çölüň aram mylaýym görnüşli kontinental klimaty häsiýetlidir: dowamly gurak jöwzaly tomus, salkyn çygly güýz, az garly o diýen sowuk bolmadyk gyş. Demirgazyk-gündogarda we günorta-günbatarda gyş döwrüniň dowamlylygy – bir aý, ýurduň demirgazygynda we demirgazyk-gündogarynda dört aýdan gowrak. Ýanwar aýynyň ortaça temperaturasy demirgazyk-gündogarda –6 gradusdan aşak, günorta-gündogarda we günorta-günbatarda +3 gradusdan +5 gradusa çenli bolýar. Iýulda ol +25+32 gradus çäklerinde üýtgäp durýar. Türkmenistanyň düzlük çäklerinde ygalyň ýyllyk mukdary 150mm, Aral ýakasynda we Garabogaz köl aýlagynda 100, daglyk sebitlerinde - 350 mm-den geçmeýär. Arid şertlerinde ekerançylygy ösdürmek emeli suwaryşa esaslanyp alnyp barylýar. Dünýäniň iň uly üçünji çöli Garagum Türkmenistanyň merkezinde ýerleşýär.

Türkmenistanyň Suw resurslary

Ekerançylygyň geografiki ýerleşişi ilkinji nobatda - suwaryş suwlarynyň ýaýraýşy, olaryň möçberi we peýdalanylyş derejesi bilen baglanşyklydyr. Türkmenistanda suwaryş maksatlary üçin, esasan, derýa we ýerasty suwlary peýdalanylýar. Garagum çölünde maldarçylygyň esasy suw üpjünçiligi guýular arkalydyr. Derýanyň suwlaryny suwaryş üçin peýdalanmak maksady bilen suwaryş ýaplary gazylýar.
Türkmenistanyň iň uly derýasy Amyderýa bolup, ol ýurdumyzyň gündogar-demirgazyk bölegini kesip geçýär. Ekişe ýaramly ýerleriň we ilatyň köp bölegi bolsa ýurduň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Emma ol ýerde suw upjunçiligi örän ýetmezçilik edýär. Ýöne suwaryş suwunyň gaty çäkli ýerlerinde suw bilen üpjün etmek maksady bilen, Amyderýanyň suwunyň bir bölegini günorta-günbatara Garagum derýasy bilen gönükdirildi.

Türkmenistanyň adminstratiw-territoriýal bölünişi

Türkmenistanyň ilatly nokatlary şäherlere we obalara bölünýär. Şäherli ilat etraplaryň, şäherleriň we şäherçeleriň ýaşaýjylaryny öz içine alýar. Obalarda ýaşaýan ilat obalylara degişlidir. Etraplar ykdysady, medeni we administratiw merkezli şäherleri öz içine alýar.
Şäherlerde senagat kärhanalaryň, gurluşyk we transport guramalaryň, durmuş-medeni edaralaryň, söwda we hyzmat ediş kärhanalaryň köpüsi jemlenendir.
Aşgabat şäheri Türkmenistanyň paýtagtydyr we derejesi boýunça welaýata deňeşdirilýär. Ondan başga-da, ýurtda 5 welaýat bardyr: Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary. Bir ýa-da birnäçe obalaryň çäkleri 77 şäherçe, 565 geňeşlik we 1937 oba ilatly nokatlary bardy.

Raýon emele getiriji täsirleriň esasynda, Türkmenistan aşakdaky raýonlara bölünýär:
  • Türkmenistan-bir bütewi halk hojalyk toplumy.
  • Welaýat tipli uly ykdysady raýonlara bölünýär, (olar 5 sany).
  • Aşgabat-garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty. Aşgabat şäheri öz derejesi boýunça statusyna eýedir.
  • Uly ykdysady raýonlar kiçi raýonlara bölünýärler. (Olar 15 sany).
  • Kiçi raýonlar öz gezeginde hojalyk-adminstratiw etraplara bölünýär (49 sany)
  • Ykdysady raýonlaryň esasy bölegi şäherlerdir. (olar 20 sany).
  • Şonça şäherçelere bölünýär (81 sany).
  • Geňeşlikler ykdysady raýonlaryň oba ýerlerindäki bölümidir. (528 sany).
  • Oba ykdysady raýonlar kiçi ilatly punktlara bölünýär (1876 sany).
Şeýlelikde, Türkmenistanda raýonlaşdyrmagyň 9 basgançagy emele geldi. Olaryň birinjisi we ikinjisi döwlet ähmiýetli mikraýonlardyr. Üçinjisi kiçi raýonlardyr. Dördünji, bäşinji, altynjy, ýedinji, sekizinji we dokuzynjy basgançaklar - mikraýonlardyr. Bu sistema girýän birlikleriň 8-si (kiçi raýonlardan başgasy) adminstratiw organlary tarapyndan edara edilýär. Munuň özi ykdysady-durmuş raýonlaşdyrma bilen adminstratiw-territoriýal bölünşigiň bir bütewi sistemasyny ýene-de bir gezek subut edýär.
Welaýat Meýdan Ilat Şäher Ilaty Oba Ilaty Senagat Paýy Oba Hojalyk Paýy Şäher Şäherçe JIÖ Paýy Uniwersitet Mekdep Edara/Firma Ösen Pudagy
AHAL 95000 972800 60% 40% 27% 20% 2 14 23% 21 278 485 Tebigy Gaz
BALKAN 138000 724700 80% 20% 30% 5% 7 6 26% 2 165 311 Himiýa Sengaty
DASOGUZ 74000 1459800 37% 63% 8% 28% 2 9 15% 2 510 125 Oba Hojalyk
LEBAP 94000 1434700 45% 55% 11% 25% 3 16 16% 1 369 115 Ýüpek Mata, Pagta
MARY 87000 1646800 35% 65% 24% 22% 2 12 20% 1 375 271 Himiýa Sengaty
jemi 488000 6238800 51.4% 48.6% 100% 100% 16 57 100% 27 1697 1307

Türkmenistanyň Ykdysadyýeti

Garaşsyzlykdan öň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çig mala gönükdirilenligi bardy. Agrar spesializasiýasy oba hojalygyň ýokary bölegini düzýärdi – 40%. Şeýlelik-de oba hojalykda pagta spesializasiýasynyň açyk görkezijisi bardyr. Türkmenistanyň Jemi İçerki Önümiň (JİÖ) düzüminde senagatyň bölegi 17% göterimi düzýär we gazyp alýan pudaklardan 80% göterim köpdür. 2000-2016-njy ýyllar aralygy jemi içerki önüm boýunça senagatyň bölegi 38,7%-den 47,7%-e çenli köpeldi. Gazyp alýan pudagyň udel agramy senagatyň goşulan gymmatyndan iki esse azaldy. Senagatda ýeňil we azyk pudaklaryň bölegi köpeldi (40% çenli). 2016-njy ýylda oba hojalygyň jemi içerki önüminiň udel agramy 10,5 % göterimi düzdi, bölek satuw-söwda we iýmit hyzmatlarynda 6,1% we gurluşykda 18,2% göterim.
Şonuň bilen, oba hojalyk önümçiligiň gurluşy düýpgöter özgerdi. Ýurduň oba hojalygynda pagtaçylyk ileri tutulýan pudagyň ähmiýetliligini saklap tejribede bugdaý hojalygy täzeden döredi, we maldarçylygyň tizleşdirilen ösüşi ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýurduň azyk haryt baýlyklarynyň 95% göterimini ýerli önüm düzýär.
Dokma senagaty ýokary tizlik bilen ösüp başlady. Soňky ýyllarda çig pagtanyň 40% taýýar önüme gaýtadan işlenýär, sowet hökümet ýyllary bolsa – jemi 3% göterimdi. Ýurduň dürli welaýatlarynda onlarça dokma kärhanalary guruldy we işe girizildi. Yöne, Türkmenistan ykdysadyyetiniň esasy çeşmesi entegem eksport girdejileri bolup durýar. 2000-2016-njy ýyllar aralygynda daşary söwdanyň göwrümi 6,2 esse köpeldi. Eksport 5,9 esse, import 6,6 esse, söwda saldosy bolsa 4 esse köpeldi. Pagta senagaty bilen bilelikde, nebitden we gazdan gelýän girdejiler jemi eksportlaryn 85% göterimi düzýar. 2016-njy ýylda çyg nebitiň we tebigy gazyň bölegi daşary söwdanyň (eksport) 63,7% göterimini düzdi, eýsem tebigy gazyň, suwaldylan gazyň, çyg nebitiň, nebit önümleriň bölegi daşary söwdanyň (eksport) 86,1% göterimine barabardyr. Eksportda beýleki harytlaryň bölegi ujypsyzdyr.
2016 yylynda eksportlaryn Jemi İçerki Önümlerdaki (JİÖ) payy 30% golaydyr. JİÖ 2016 yylynda 36.18 milyard ABŞ dollaryna barabar volyp, adam başynda düşyan JİÖ bolsa 6987 ABŞ dollarydyr. Türkmenistan sonky 10 yylda ortaça her yyl 10.39% ösdi (JİÖ yllyk ösüs hasabtyna göre). Yurt içindaki inflýasiýa 4.5% çemesi we manadyn dollar garşysyndaky güyji (Walýuta) bolsa 3.5'dyr (1 $ = 3.5 Manat Daşary ýurt döwletiniň halkara hasaplaşyklarda peýdalanylýan pul massasy - daşary ýurt walýutasy). Işsizlik 12% çemesi we aluw-satuwlardaky döwlet salgyty bolsa 15%-dir.
2016 2015 2014 2013 2012 2011 2010 2009 2008 2007
1* Jemi içerki önüm (JIÖ) 36.18 35.80 43.50 39.19 35.16 29.23 22.58 20.21 19.27 12.66
2* JIÖ ýyllyk ösüşi (JIÖ) 6.20% 7.50% 10.60% 9.80% 15.00% 10.50% 6.30% 14.50% 12.00% 11.50%
3* Adam başynda düşyan JIÖ 6987 6694 6400 5910 5463 5006 4439 4130 3949 3489
4* Eksportlar 9.45 10.38 12.39 11.99 10.66 7.76 3.32 3.11 10.27 6.36
5* Importlar 8.22 8.20 10.17 9.81 9.95 7.93 5.74 6.61 5.51 3.39
6* Söwda Balansy 1.23 2.18 2.22 2.18 0.71 -0.17 -2.42 -3.50 4.76 2.97
7* Häzirki Hasabat -6.19 -4.94 -2.85 -1.34 0.02 0.60 -2.35 -2.98 3.56 4.04
8* Häzirki Hasabat / JIÖ -18.50% -10.30% -7.50% -7.20% 0.00% 2.00% -10.60% -14.70% 153.67% 82.33%
9* Döwlet Karzy / JIÖ 37.50% 36.50% 37.90% 39.00% 39.20% 38.20% 36.70% 36.60% 33.30% 32.10%
10* Döwlet Harajatlary 3.59 3.44 3.25 2.99 2.62 2.43 2.20 2.08 1.47 1.58
11* Döwlet gaznasy / JIÖ -0.80% -0.70% 0.80% 1.20% 6.30% 3.63% 1.77% 7.80% 11.30% 3.87%
12* Inflýasiýa 6.17% 7.00% 4.42% 6.00% 6.50% 5.60% 4.80% 0.10% 14.50% 6.30%
13* Walýuta 3.50 2.85 2.85 2.85 2.85 2.85 2.85 2.85 1.30 1.30
14* Işsizlik 12.40% 10.50% 10.70% 11.00% 11.78% 12.50% 12.20% 13.50% 13.20% 10.80%
15* Salgyt 15% 15% 20% 20% 20% 20% 20% 20% 20% 20%
16* Hyrydar Harajatlary 4.51 4.48 3.86 3.03 4.44 1.04 1.19 3.01 7.43 6.27
17* Kruel Nebit Önümi 238 252 312 231 198 187 171 166 160 157
18* Ilat Sany 5.66 5.57 5.47 5.32 5.28 5.20 5.13 5.04 4.93 4.87
Not: 1* GDP (USD Billion/Milýard ABŞ Dollary); 2* GDP growth; 3* GDP per capita (USD/ABŞ Dollary); 4* Exports (USD Billion/Milýard ABŞ Dollary); 5* Imports (USD Billion/Milýard ABŞ Dollary); 6* Trade Balance (USD Billion/Milýard ABŞ Dollary); 7* Current Account (USD Billion/Milýard ABŞ Dollary); 8* Current Account to GDP; 9* Government Debt to GDP; 10* Government Spending (USD Billion/Milýard ABŞ Dollary); 11* Government Budget to GDP; 12* Inflation Rate; 13* Currency Rate (USD/ABŞ Dollary); 14* Unemployment Rate; 15* Sales Tax rate; 16* Consumer Spending (USD Billion/Milýard ABŞ Dollary); 17* Crude Oil Production (BBL/D/1K); 18* Population (Million/Milýon).

Türkmenistanyň Taryhy we Gezelenç Ýerleri

  • Awaza (Avaza): Türkmenistanyň Milli Syýahatçylyk Zolagy (Awaza-MSZ). Balkan welaýatynyň Hazar deňziniň gündogar kenarynda, Türkmenbaşy şäherinden 12 km günbatar tarapynda ýerleşýär. 15 iyunda 2009 - birinji 3 oteller girizildi.Hazar deňziniň Türkmenistana degişli kenarýakasy örän täsin jana şypaly ýumşak howasy we baý tebigy mümkinçilikleri bilen tapawutlanýan ekologik taýdan arassa zolakdyr. Bu taslama Türkmenistanyň diňe özünden 1 milliarddan gowrak $-ny, daşary ýurt maýa goýujylaryň 4 milliard $-ny gönükdirmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda Awa­za­nyň meýdany 1,700 gektar möçberinde kesgitlenildi.
  • Aşgabat - Garaşsyzlyk Binasy (Monument Arch of Independence): Ahal welaýatynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Bu bina Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň symboly bolup, 27 meter altyn çaýmaly gapyş 91 meter betonarma bina we 10 meter ölçeginde gözleg terasy bardyr. Binanyp içinde Türkmenistanyň taryhy sergileri bardyr. Bina Saparmyrat Niýazow buýrugy bilen guruldy. Binanyň töwereginden Türkmenlerin bäş eýýamyny aňladýan Beýik Türkmen şahsyýetleri (Oguzhan elinde altyndan ok we ýaý, Gorkut Ata, Görogly, Magtumguly Pyragy, Saparmyrat Türkmenbaşy) bardyr.
  • Aşgabat - Bitaraplyk Binasy (Monument Arch of Neutrality): Ahal welaýatynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Bu bina Türkmenistanyň Bitaraplygynyň symboly bolup, üç aýakly bu binanyň beýikligi 95 meterdir.
  • Aşgabat - Ruhyýet Köşgi (Rukhiyet Palace)
  • Oguzhan President Köşgi (Oguzkhan Presidential Palace)
  • Halk Hakydasy Ýadygärlik Kompleksi (Halk Hakydasy Memorial Complex): 1948 Aşgabat Ýertitrmesinde wepat bolan Türkmenleriň hatyrasyna gurulan bir kompleksdir.
  • Ruhy Tagzym Binasy (Monument of Ruhy Tagzym)
  • Baky Şöhrat Binasy (Monument of Eternal Glory)
  • Milletiň Ogullary Binasy (Monument of Nations Sons)
  • Aşgabat Baýdak Syrygy (Ashgabat Flagpole): Dünýäniň iň belentde pasyrdaýan 5-nji baýdagydyr. 133 meter beýikligindedir.
  • Türkmenistanyň Konstitusiýa binasy (Monument to the Turkmenistan Constitution): 185 meter beýikliginde bolup, Türkmenistanyň iň beýik ikinji binasydyr.
  • Oguzkent Myhmanhanasy (Oguzkent Hotel)
  • Türkmenbaşy Ruhy Metjidi / Gypjak Metjidi (Turkmenbashy Ruhy Mosque / Gypjak Mosque): Ahal welaýatynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýär. 2004-nji ýylda gurulan bu metjidiň möçberi 10000 adamlykdyr we bu metjidi gurduran Saparmyrat Nyýazowyň jaýlanan ýeri we mawzaleýidir.
  • Türkmen Döwlet Gurjak Teatry (Turkmen State Puppet Theatre): Ahal welaýatynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýär. 2005-nji ýylda gurulandyr.
  • Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry (State Russian Drama Theatre named after Pushkin): Ahal welaýatynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýär. 1926-njy ýylda gurulandyr.
  • Alp Arslan adyndaky milli Ýaşlar teatry (Turkmen National Theatre of Youth named after Alp Arslan): Ahal welaýatynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýär. 2006-njy ýylda gurulandyr.
  • Altyn Asyr gündogar bazary - Täze jygyldyk (Oriental bazaar Altyn Asyr - New tolkuchka): Türkmenistanyň iň uly, Orta Aziýanyň bäşinji uly bazarydyr. Bazar 154 gektar mekany gaplaýar we bazarda 2,155 dükan bar.
  • Türkmenistanyň Döwlet Sirki (Turkmen State Circus): Ahal welaýatynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýär. 1984-nji ýylda gurulandyr.
  • Rus bazary - Gulistan söwda merkezi (Russian Bazaar - Gulistan)
  • Aşgabat - Parfiya Yerleşgeleri Nisa (Parthian Settlement of Nisa)
  • Aşgabat - Türkmen Haly Müzeyi (Turkmen Carpet Museum)
  • Seyit Jemaleddin Metjidi (Seyit Jemaletdin Mosque)
  • Artugrul Gazy Metjidi (Ertugrul Gazi Mosque): Ahal welaýatynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýär. 1998-nji ýylda gurulan bu 4 minaraly metjidiň möçberi 5000 adamlykdyr.
  • Tolkuçka Bazar (Tolkuchka Bazaar)
  • Türkmenistanyň Baş Milli Müzeyi (Turkmenistan Main National Museum)
  • Türkmenistanyň Şekillendiriş Sungaty Muzeýi (Turkmenistan Museum of Fine Arts)
  • Türkmenistanyň Milli Medeniýet Muzeýi (Turkmenistan National Museum of Culture)
  • Türkmenistanyň Etnografiýa Muzeýi (Turkmenistan National Museum of Ethology)
  • Gökdepe Galasy (Gokdepe Fortress)
  • Kow Ata Ýerasty Göli (Kow Ata Underground Lake)
  • Ýangygala Kanýony (Yangykala Canyon)
  • Köýtendag Dinazawyr Aýak Yzlary (Koytendag Dinosaur Plateau)
  • Köýtendag Gowaklary (Koytendag Caves)
  • Kyrkgyz Gowagy (Kyrkgyz Cave)
  • Köneürgenç 360 Pirler (360 Saints): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. Mongollar Köneürgenje çozanda Nejmeddin Kubra we 360 şägirdi (pirleri) bilen eli ýaragly Watan ugryna urşup, 1221-nji ýylynda şehit bolupdyr.
  • Köneürgenç Türkmen Döwleti (Kunya Urgench Turkmen State): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. Oguz hanyň Begdili atly agtygynyň neberelerinden gaỳdỳar. Ahameniş Imperiýasy bagly bolup, Horezmşa döwletiniň paýtagty bolupdyr. Köneürgenç 2005-nji ýylda UNESCO tarapyndan Dünýa Miraslar spisogyna alyndy. Günümizde Köneürgençde Kubrawy we Zahaby tarykatlarynyň gurujylary Nejmeddin Kubranyň Mawzaleýi we Nejmeddin Kubranyň 360 şägirdileriniň (360 pirleriniň) mazarlary (bu birlerden iň uly 4 pir: Pirýar Weli, Daniýar Weli, Şyhatar Weli we Döwen Welidir), Horezmşa Il Arslan mowzaleýleri we Soltan Tekeşiň (Gökgömmez - Mawy Kübbe diýip bilinýär) Metjidi we Mawzaleýi, Horezmşalaryn köşki bolan Türebeg Hanym Mawzaleýi, Gutlug Temur mynarasy bardyr.
  • Gutlug Temur Mynarasy (Kutlug Timur Minaret): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. Bu mynara Sufiler Dinastiýasy döwründe gurulupdyr we 11-12-njy asyrda Gutlug Temur tarapyndan täzeden dikeldilendensoň Gutlug Temur adyny alypdyr. Mynara 60 meter beýikliginde we diameteri aşak taraplarynda 12 metera, ýokary taraplarynda bolsa 2 metera barabardyr.
  • Turabek Hanym Mawzaleýi (Turabek Han Mausoleum): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. Gutlug Temuryň aýaly Turabeg hanymyň mazarydyr. 1330-njy ýylda Gutlug Temuryň buýrugy bilen gurulypdyr.
  • Kyrkmolla Mawzaleýi (Forty Mullah's Mausoleum): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. Bu depe 12 meter beýikligindedir we gala gurluşygynda ulanylypdyr. Rowaýatlara göre Sufi Dynastiýasy döwründe bu depä kyrk molla jaýlanypdyr.
  • Nejimeddin Kubra Mawzaleýi (Najm-ad-Din al-Kubra Mausoleum): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. 1145-njy ýyllarda Köneürgençde (Hywakyda) doglan, sufizmiň Kubrawylar mekdebiniň gurujysy Ahmet ibn Omar Abuljennap Nejmeddin al-Kubra al-Hywaky al-Gürgenjiniň jaýlanan mawzaleýidir. Abuljennap adalgasy oňa düýşünde Hezreti Muhammet Pygamber tarapyndan berilipdir. Lakaplary bolsa Nejimeddin, Şeyh-ul-Ymam, Zahid-ul-kebir ve Şeyh-i Horezm-dir. Nejimeddin Kubra diýip meşhur bolýar. Nejmeddin Kubra diňe bir dini mekdebiň ündewçisi bolman, özüniň 7-8 kitaby, 24-den gowrak rubagysy bolan tebipçilige ökde, ezber küştçi we nakgaş hökmünde halk arasynda tanalan gahryman watançy bolupdyr. Nejmeddin Kubra Mongollar Köneürgenje çozmanka aýratyn bir topar şägirtlerine Köneürgenji derrew terk etmeklerini buýrup "Uly bela gelýär, käbirimiz bärde Watan goragynda, käbirlerimiz bolsa Yslam dini hyzmatlarynyň dowamy üçin watanymyz terk etmeli" diýipdir. Özi bolsa 360 şägirdi (pirleri) bilen Köneürgençde galyp mongollar bilen eli ýaragly urşup, 1221-nji ýylyň 3-nji iýulynda şehit bolupdyr. Nejmeddin Kubranyň üstüne galdyrylan ýadygärlik Gutlug Temuryň Köneürgenje häkim bolan wagtynda amala aşyrylypdyr. Ymarat 4 sany otagdan ybarat bolup, ýüz tarapy demirgazyga bakdyrylyp gurlan. Bu mawzaleýiň içinde 16-njy asyrda höküm süren Soltan Alynyň we Nejmiddin Kubranyň şägirdi bolan Pirýar Weliniň hem mazarlary bardyr. Onuň iň ökde şägitleri arasynda şular bardyr:
    1) Şeyh Nejimeddin Daýe (1177-Rey 1256-Bagdat)
    2) Şeyh Mejdüddin Bagdady (1161-1210)
    3) Şeyh Sadeddin Hammuýe (v. 1252)
    4) Şeyh Razyýýuddyn Ali Lala (v. 1244)
    5) Şeyh Alauddewle Simnany (v. 1336)
    6) Şeyh Aly Hemedany (v. 1385)
    7) Şeyh Baba Kemal Jendi (v. 1385)
    8) Şeyh Seýfeddin Baharzy (v. 1259)
    9) Şeyh Bahauddin Weled-i Belhi (1151-Belh 1231-Konya, Hz. Pir Möwlana Jelaleddin Rumynyň kakasy)

    Nejimeddin Kubra Hezretleriniň nesil daragty şeýle şekillenýär:
    1) Seyyid-i Alem Hezreti Muhammed Mustafa (SAV.)
    2) Hazret-i Aly bin Abu Talyb
    3) Hz. Hasan bin Aly
    4) Hz. Hüseýin bin Hasan
    5) Hz. Zeynelabydyn bin Huseýin
    6) Hz. Muhammed Bakyr
    7) Hz. Jafer-i Sadyk
    8) Hz. Musa Kazym
    9) Hz. Aly Ryza
    10) Hz. Maruf Kerhi
    11) Hz. Seri Sakaty
    12) Hz. Abu Aly Ruzbary
    14) Hz. Abu Osman Magryby
    15) Hz. Abu Kasym Gurkany
    16) Hz. Abu Bekir Nessaj
    17) Hz. Abu’n Nejip Suhreverdi
    18) Hz. Ysmaýyl Kasry
    19) Hz. Ammar bin Ýasyr / Ruzbihan Bakly
    20) Hz. Nejimeddin Kubra (Tarykat Piri)
  • Ibn Hajyb Kompleksi (Ibn Khajib Complex): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. Bu kompleksi Nejimeddin Kubranyň iň ökde şägirtlerinden bolan Ibn Hajyb hatyrasyna 14-19-njy asyrlar arasynda bölek bölek gurulypdyr.
  • Anuş Tekin Mawzaleýi (Anush Tegin Mausoleum): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. Horezmşa döwletiniň gurujysydyr. Anuş hökümdar başda Gaznanyň hökümdary Bilge hökümdaryň guly bolupdyr. Ondan soňra ol Seljukly dolandyrjysy Bilge Tegin tarapyndan satyn alynýar. Seljuk türkmenleriniň soltany Mälikşanyň döwründe ol köşk wezipeleriniň birini eýeläpdir. Seljukly köşkünde ýetişip, ýiti akly we batyrgaýlygy mynasybetli Soltan Mälikşa tarapyndan Horezm häkimi bellenipdir. Ol 1077-1097-nji ýyllary arasynda Seljukly Soltanyna bagly bolup Horezmda hökümdarlyk sürüpdir.
  • Kutbeddin Muhammet Mawzaleýi (Kutbeddin Mohammed Mausoleum): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. Kakasy Anuş Tegin aradan çykansoň, Seljukly Soltany Berkýaruk tarapyndan "Horezmşa" adalgasy bilen Horezm häkimi bellenipdir. Ol 1097-1128 ýyllar arasynda Seljukly Soltanyna bagly bolup 30 ýyl Horezmda hökümdarlyk sürüpdir. Şu döwürde Köneürgenç döwletiniň düýbi tutulypdyr. Ýöne entek hem seljuklar döwletine tabynlyk ýagdaýynda bolupdyr.
  • Atsyz Horezmşa Mawzaleýi (Atsiz Khorezmshah Mausoleum): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. Kakasy Kutbeddin Muhammet aradan çykansoň, Seljukly Soltany Sanjar tarapyndan "Horezmşa" adalgasy bilen Horezm häkimi bellenipdir. Ol 1127-1156 ýyllar arasynda Seljukly Soltanyna bagly bolup Horezmda hökümdarlyk sürüpdir we belli bir wagt soňra ol garaşsyzlyga ymtylypdyr. Ýöne 1138-nji ýyldaky gozgalaň üçin Soltan Sanjar oňa temmi berýär. Köneürgençden kowýar. Emma Atsyz birnäçe wagtdan yzyna dolanýar, şondan soň Köneürgenç şalary garaşsyz hökümdarlyk bolýar we Köneürgenç türkmen döwleti özbaşdaklygyny gazanýar. Atsyz öz döwletiniň serhedini giňeldip başlaýar. Ol öz döwletiniň düzümine Syrderýaň boýundaky Seljuklaň paýtagt şäheri bolan Jendi birleşdirýär.
  • Il Arslan Mawzaleýi (Il Arslan Mausoleum): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. 1158-nji ýylda Atsyz ölenden soň Köneürgenç türkmen döwletiniň tagtyna Atsyzyň ogly Il-Arslan geçýär. Ol hem kakasynyň basyp alyşlyk syýasatyny alyp barýar. Ol 1156-1172 ýyllar arasynda 16 ýyl hökümdarlyk eden döwründe öz hökümdarlygynyň düzümine Mawerannahyry, Maryny, Nusaýy we beýleki şäherleri birleşdirmegi başarýar. Ol Köneürgenç döwletiniň ösmegine uly goşant goşýar. Il-Arslan ölenden soňra tagta onuň kiçi ogly Soltan şa Mahmyt geçýär. Ýöne ol birnäçe aý soltan bolupdyr. Sebäbi dogany Tekeş hem tagt mirasdüşerligi üçin uruş edipdir. Şeýlelikde 1172-nji ýylda Tekeşe tagta çykmak başartýar.
  • Soltan Tekeş Mawzaleýi (Sultan Tekesh Mausoleum): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. 1172-1200 ýyllar arasynda Horezmşa hökümdarlygyny eden Sultan Alaaddin Tekeş mazarydyr. Onuň döwürde Köneürgenç türkmen döwletiniň has gülläp ösen ýeridir. Bu döwürde aktiw daşary syýasat alynyp barlyp, Horasany, Reýi, Yspyhany öz hökümdarlygyna birleşdirýär. Ýurduň içinde birnäçe struktura gurluşyklar alnyp barylýar. Şol döwrüň iň ajaýyp ymaraty ol hem Tekeşiň mazarüsti Mawzeleýidir. Mundan hem başga ýurda suwaryş desgalary ösdürilýär. 1200-nji ýylda Tekeşiň aradan çykmagy bilen tagta onuň ogly Alaeddin Muhammet II çykýar.
  • Alaaddin Muhammet Horezmşa Mawzaleýi (Alaaddin Muhammed Horezmshah Mausoleum): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. 1200-nji ýylda Tekeşiň aradan çykmagy bilen tagta onuň ogly Alaeddin Muhammet II çykýar. Ol 1200-1221 ýyllar arasynda Horezmşa Türkmen döwletiniň hökümdarlygyny edipdir. Seljukly döwletiniň çöküşi bilen öz serhedini giňeldipdir. Onuň döwründe hem ilki badalar aktiw daşary syýasat alynyp barlyp, Bagdat halyfy Nasyryň goşunlary derbi-dagyn edilýär. Ol öz döwletiniň düzümine Hindistanyň demirgazygyny birleşdirýär. Ol özüne ikinji “Aleksandr Makedonskiý”, ikinji “Soltan Sanjar” ýaly atlary alypdyr. Horezmşa döwletine bagly Otrar häkimi tarapyndan Çingiz hanyň bir kerwany talan edilensoňş Çingiz hany bir ilçisini Muhammet Haremşa ugradyp, Otrar häkiminiň kellesini sorapdyr. Muhemmet Şa bolsa Çingiz hanyň ilçilerini öldüripdir we şeýdip Mongollar bilen Haremzşa arasynda jeň orta çykypdyr. Çingiz han Köneürgenje uly goşyn bilen çozanda Muhammet Şa ýeňilip Hazar deňzindäki bir ada gaçypdyr. Özüni ikinji Soltan Sanjar, Aleksandr Makedonskiý hasaplap ýören Muhammet şa II 1220-nji ýylda şol adada öýkeni sowuklap aradan çykýar. Ol ölen wagty ýanynda ogullary Jelaleddin, Ozlag şa, Ak şa bolupdyr. Şol ýerde Muhammet şa öz tagt mirasdüşeri edip Jelaleddini belläpdir.
  • Jelaleddin Meňburun Mawzaleýi (Jalaladdin Menburun Mausoleum): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. Jelaleddin Muhammet şanyň Aýjäjek atly türkmen aýalyndan bolupdyr. mongollar Köneürgenji basyp alanlarynda kakasy Muhammet Şany korkaklyk bilen ýazgaryp, mongollar bilen özi söweşipdir. Jelaleddin Şa şol wagtlar Nişapurda eken. Ol Nusaýyň eteginde mongol goşunlaryny derbi-dagyn edýär. Bu bolsa mongol goşunlarynyň ýeňilmez adyny puja çykarýar. Jelaleddiniň goşunlary bilen mongollaryň arasynda ikinji söweş bolsa Owganystanyň Penjşir jülgesinde bolýar. Bu söweş iki gije-gündiz dowam edipdir we bu söweşde-de mongollar ýeňlipdir. Jelaleddiniň goşuny köp taýpalardan düzülipdir. Söweşden soň ganymetlarda agzalalyk bolup goşyn dargapdyr we Jelaleddiniň ýanynda diňeje Türkmenler galypdyr. Mongollar bolsa ýene bir gezek goşun toplap Çingiz hanyň özi baştutanlyk Jelaleddine çozupdyr. Jelaleddin bilen Çingiz hanyň arasyndaky aýgytly söweş 1221-nji ýylda Hind derýasynyň boýunda Nilýap geçelgesinde bolýar. Bu jeňde Jelaleddin birbada üstünligem gazanypdyr. Hatda Çingiz hanyň özem atyna münüp gaçypdyr. Emma hilegär Çingiziň ätiýaçdaky 10 müň atlysyny söweşe salmagy söweşiň ykbalyny onuň peýdasyna çözüpdir. Mongollar Emin Mäligiň ýolbaşçylygyndaky sag ganata hüjüm edip, Jelaleddini ýeňlişe sezewar edýär. Jelaleddiniň özi bolsa at bilen derýa özüni urup, onuň aňyrsyna geçýär. Muny görüp Çingiz han haýran galýar. Ol Jelaleddini yzarlajagam bolmandyr. Jelaleddin özüni derýadan alyp çykan atyny ölýänçä ýanyndan aýyrmandyr.
  • Ak Gala (Ak Kala): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. Köne Ürgençden galan bir taryhy galadyr.
  • Horezm Beg (Khorezm Bag): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. Muhammet Emin Han tarapyndan 19-njy asyrda gurulan 400x500 meter kwadrat ölçeginde bolan dörtgen bir goranma galasydyr.
  • Köneürgenç Daş Metjidi (Kunya Urgench Dash Mosque Museum): Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. 20-nji asyryň başlarynda gurulan bir Mukaddes Gurhany we Yslam bilimlerini öwredýän bir medresedi. 1990-njy ýylda bu medrese müzeýe öwrüldi.
  • Sultan Gala (Fortress of Sultans): 11-13-njy asyrlarda Mary welaýatynda gurulan galalardan biridir.
  • Şahriyar-Erk Gurgany Galasy (Shahriyar Ark Fortress): 11-13-njy asyrlarda Mary welaýatynda gurulan galalardan biridir.
  • Goňur Gala (Brown Fortress): Taryhy Bronze eýýamynda Mary welaýatynda gurulan gala harabalarynda biridir.
  • Togolok Gala (Togolok Fortress): Taryhy Bronze eýýamynda Mary welaýatynda gurulan gala harabalarynda biridir.
  • Tahyrbeg Galasy (Tahir Beg Fortress): Taryhy Demir eýýamynda Mary welaýatynda gurulan gala harabalarynda biridir.
  • Baýram Han Galasy (Bairam Khan Fortress): Mary welaýatynda ýerleşýär.
  • Abdullah Han Galasy (Abdullah Khan Fortress): 11-13-njy asyrlarda Mary welaýatynda gurulan galalardan biridir.
  • Gäwür Gala (Gaur Fortress): 11-13-njy asyrlarda Mary welaýatynda gurulan galalardan biridir.
  • Hezreti Hakem bin Amr El-Gifari Mawzaleýi - sahaba (Hz. Hakem bin Amr Al-Gifari Mausoleum): Mary welaýatynda ýerleşýär.
  • Hezreti Bureyde El-Aslami Mawzaleýi - sahaba (Hz. Bureyde Al-Aslami Mausoleum): Mary welaýatynda ýerleşýär.
  • Çagry Beg Mawzaleýi (Chagri Beg Mausoleum): Mary welaýatynda ýerleşýär. Doly ady Abu Süleýman Dawud Çagry Beg bin Mykaýyldyr. 989-njy ýylda Horasanda doguldy. Oguz hanyň Kynyk boýundandyr. Kiçi ýaşlarynda kakasy Mykaýyl şehit bolansoň, atasy Seljuk begiň hossarçylygynda ýetişdi. Gaznalylar Seljuk begiň ogly Arslan Yabgyny esir alansoň, 1025-nji ýylda Seljuklylaryň başyna geçdi. Gardaşy Tugrul Beg bilen 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşinde Gaznalylary ýeňip, Seljukly döwletini gurdy. 1055-njy ýylda Bagdatda Buweyhogullaryny ýeňip, Abbasy halyf Kaimyň goraýjylygyny üstüne aldy. Abbasy halyf Kaim tarapyndan "Gündogaryň we Günbataryn Soltany" diýen adalga berildi. Halyfyň gyzyny gardaşy Tugrul beg bilen öýerip, öz gyzy Hatyja Arslan Hatuny bolsa halyf Kaima berdi.
  • Soltan Alparslan Mawzaleýi (Sultan Alparslan Mausoleum): Mary welaýatynda ýerleşýär. Doly ady Adududdevle Abu Şuja Muhammed Alp Arslan bin Dawuddyr. Çagry begiň oglydyr, 20-nji Ýanwar 1029-njy ýylda Horasanda dogulypdyr. 1063-njy ýylda Tugrul beg aradan çykansoň Seljuklylaryň başyna geçýär we Nizamulmulk-i özüne baş wezir belleýär. Seljuk döwleti Alparslan döwründe birnäçe topraklary basyp alyp, döwletiň territoriaýasyny giňeltdikçe giňeldipdir. Abbasy halyf Kaim tarapyndan Soltan Alparslana "Fatyhlaryn Atasy" adalgasy berilipdir.
  • Soltan Sanjar Mawzaleýi (Sultan Sanjar Mausoleum): Mary welaýatynda ýerleşýär. Doly ady Muýizzeddin Adududdewle Abu'l-Haris Ahmet Sanjar bin Mälikşahdyr. 1086-njy ýylda Sinjarda doguldy. Ylmy bilen öňe saýlanan Seljuk Soltanlaryndandyr. 72 ýaşynda 8-nji Maý 1157-njy ýylda aradan çykýar we ýaşap ýörkä özi üçin binagär Muhammed bin Atsyza gurduran mazarlyga “Daru’l-ahir” (Ahyrat Öýi)-ne jaýlanýar. Ahyrat öýi şuwagt UNESCO-nyň Dünýa Miraslar durýan gadymy ýadygärliklerin biri hasaplanylýar. 14-njy asyrda ýaşap geçen taryhçy Raşiduddin bu bina üçin "Dünýäniň iň beýik binasy" diýipdir. Muhammed bin Atsız Al Isfizary bolsa bu Mawzaleýi üçin "Dünýädäki iň beýik binalaryň biri we ýykylmajak ýaly berk" diýip sypatlandyrýar.
  • Muhammed ibn Zaýd (Mohammed ibn-Zeid Mausoleum): Mary welaýatynda ýerleşýär. Muhammed bin Zaýd Mawzaleýi Mary welaýatyndaky Sultan Galada ýerleşýär. Hezreti Alynyň bäşinji nesil arkasyndan gelen Muhammed bin Zaýd Yslamyň Şii mezhebiniň wekillerindendir. Pygamberin nesilinden gelýänligi üçin 8-nji asyrda ymamlyk üçin Emewileriň halyfy Hişam bin Abdülmalik-e garşy aýaklanma başladýar. Şii mezhebi ona goldaw berse-de, halyf ýowsuzlyk bilen aýaklanmany basdyryp Kufa-daky bir Metjitde imam Muhammed bin Zaýd-y öldürýär. Kufa-da çarmyha asylan Muhammed bin Zaýd-yň kellesini Şam-daky halyfa ugradylýar. Ilki kellesi bolan kiçijik mazar wagty bilen mowzaleýe öwrülip gidýär.
  • Ýusup Hamedany Mawzaleýi (Yusuf Hamadani Mausoleum):
  • Mary welaýatynda ýerleşýär. Ýusup Hamedanynyň doly ady Abu Ýakup Ýusup Hamdanydyr. 1048 ýylynda Hamedan-da dogulypdyr. Nakşybendi Tarikatynyň wekillerinden bolan Ýusup Hamedany Hoja Ahmet Ýesewi we Abdulhalyk Gujdewanynyň halypasydyr. Seljukly hany Soltan Sanjar her pursatda oňa baglylygyny görkezipdir we oňa "Halypalaryň halypasy" diýip adalga beripdir. Ýusup Hamedany Ymam Azam nesilden gelýär. Ol Hezreti Muhammed-den soň gelýän uly alymlar we pirler zynjyrynyp sekizinjisi hasaplanylýar. Salman-y Farysynyň asasy we sarygy Ýusup Hamedandady. Hatta tanymal pirlerden Abdulgadyr Geýlany Ýusup Hamedanynyň wagyz we söhbetleri diňlänler arasyndadyr. Ýusup Hamedany 1140 ýylynda Harat-dan Merw-e gidip barýarka ýolda wepat bolupdyr. Onuň halypasy Abu Ishak Şirazi we Şeyh Abû Ali al-Fermadydyr.
  • Mary Gurbanguly Hajy Metjidi (Gurbanguly Hajji Mosque): Mary welaýatynda ýerleşýär.
  • Ak Öýi Ýurt (White Building House): Mary welaýatynda 10km günbatarynda ýerleşýär. 27-nji Noýabr 2015-nji ýylda açyldy. Dünýäniň iň uly öýi hasaplanylýar.
  • Hezreti Osman Metjidi (Hezreti Osman Mosque)
  • Derweze - Jehennem Gapysy (Door To Hell)
  • Derweze - Suw Krateri (Darvaza Water Crater)
  • Derweze - Laý Krateri (Darvaza Mud Crater)
  • Baharden Gowagy (Bahardenskaya Cave)
  • Pokrowskaya Serhovy (Pokrovskaya Church)
  • Kaka Uly Depe (Kaka Great Hill)
  • Kaka Altyn Depe (Kaka Golden Hill)
  • Kaka Namazgah Depe (Kaka Praying Hill)
  • Nedir Şa Galasy (Nedir Shah Fortress)
  • Hoja Ýusup Baba (Khodja Yusuf Baba)
  • Gyzlarbibi Mawzoleýi (Gyzlarbibi Mausoleum)
  • Astanababa / Gyzlarbibi Mawzoleýi (Astanababa / Gyzlarbibi Mawzoleýi): Lebap welaýatynda ýerleşýär. Ýerli ilat kä ony Astanababa mazary diýip, kä bolsa iki dogan Zeýdaly we Zuweýdalynyň hem-de olaryň aýallarynyň - Gyzlarbibi mawzoleýi diýip hem atlandyrýarlar. Bu mazar hakynda birnäçe rowaýatlar bolup, olaryň birinde şeýle diýilýär : “400 ýyl mundan ozal Balhyň hökümdary ibn Aly Nur ogly Zuweýdanyň ýerli dolandyryja äre berlen ýalňyz gyzy aradan çykypdyr. Muňa gynanan kakasy gyzy üçin mawzoleý gurmagy buýruk beripdir we Marydan hem-de Samarkantdan oňat ussalary çagyrdypdyr. Emma gurlup gutaran badyna mawzoleý ýykylypdyr. Ýene täzeden gurlan jaý şonuň ýaly bolup ýykylypdyr we üç gezek şeýle bolupdyr. Bu ýagdaýa gary gamgyn bolan Nur oglunyň düýşünde bir goja giripdir we ol mawzoleýi Mekgeden getirilen toýun bilen suwdan garyp gurmagy maslahat beripdir. Gyzyň gamgynlykdan halas bolmadyk kakasy şeýle hem edipdir. Palçygy Mekgeden getirilen gumdan edipdirler, suwy bolsa getirip bir guýa guýup goýupdyrlar we palçyk etmek üçin suwy şondan alypdyrlar. Şeýlelik bilen mawzoleý gurlupdyr we Nur ogly ölende ony hem şol mawzoleýde, gyzynyň mazary bilen goňşulykda jaýlapdyrlar”.
    Astanababa türbesi birnäçe bölekden ybaratdyr. Ol açyk dälizden, howlujykdan, peştagdan, ýapyk dälizden, dört pilonly zaldan, metjitden, Zeýdalynyň we Züweýdalynyň guburhanasyndan, diwanhanadan we Gyzlarbibi mawzoleýi bilen birikdirýän insiz dälizden ybarat. Ansamblyň iň gadymy bölegi metjitdir we ony XII asyr bilen senelemek bolar. Diwanhana hem metjit bilen bir wagtda gurlupdyr. Gyzlarbibi mazoleýi ansamblyň has giçki bölegidir, ol dürli ölçegdäki ähtimal ikinji gezek peýdalanylýan kerpiçlerden (XIX asyrda) bina edilipdir.
  • Hoja Idat Gala (Khodja Idat Fortress)
  • Zöhre-Tahyr köşgi (Zuhre Tahyr Palace)
  • Kerkiçi Galasy (Kerkichi Fortress): Lebap welaýatynda ýerleşýär.
  • Atamyrat Galasy (Atamyrat Fortress): Lebap welaýatynda ýerleşýär.
  • Daýahatyn Kerwansaraýy (Dayahatyn Caravanserai): Lebap welaýatynda ýerleşýär.
  • Gyzbibi kümmeti (Gyzbibi Tomb)
  • Pälwan Ahmet kümmeti (Palvan Ahmet Tomb)
  • Uly we Kiçi Gyz Galalary (Big and Small Maiden's Fortress)
  • Halyf al-Mamun köşgi (Khaliph Al Mamun Palace)
  • Alamberdar Aramgähi (Alamberdar Mausoleum)
  • Idrisbaba Medresesi (Idrisbaba Madrasah)
  • Soltannyýaz Baý Galasy (Sultan Niyaz Fortress)
  • Benu-Mahan Metjidi (Benu Mahan Mosque)
  • Amul Galasy (Amul Fortress): Lebap welaýatynda ýerleşýär.
  • Maşat-Misserian Metjidi (Mashat Misserian Mosque): Balkan welaýatynda ýerleşýär. Horezm şalarynyň döwlet ulgamyna giren orta asyr şäheri Misserian Türkmenistanyň söwda we senetçilik merkezleriniň ulularynydan biri bolupdyr. Onda Horezm şalarynyň döwründen galan ýeke-täk ýadygärlik, köpçülikleýin ybadathana metjidiniň galyndylarydyr. Metjidiň esasy jaýynyň portalynyň iki pilony we häzirki wagtda 20 metre çenli ýokary göterilip duran minarasy saklanypdyr. Metjidiň ortasy howuzly, tüweregi gümmezli galereýa bilen gurşalan gönüburçly howlusy bolupdyr. 18 metrlik portal ol galereýanyň üstüne abanyp duran eken. Minara-da, portallaryň sütünleri-de alebastradan edilen palçyk arkaly bişen kerpiçden (21x21x4,5 sm.) örülipdir. Portal dury gök reňkli geometrik we epigrafik şekilleriň guýma terrakot nagşy bilen kemsiz bezelipdir.
  • Maşat-Misserian Minarasy (Mashat Misserian Minaret): Balkan welaýatynda ýerleşýär. (1102-nji ýylyň minarasy) Juma metjidine degişli diametri 8 metr bolan bu minara 20 metr belentlige çenli saklanypdyr. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu olaryň salnan wagtky beýikliginiň ýarysy bolmaly. Bu ymarat şertleýin Demirgazyk minarasy ýa-da Abu Jafar Ahmediň minarasy hem diýip atlandyrylýar. Ol köpçülikleýin ybadathana metjidiniňkidir. Minaranyň özünde inliligi 90 sm. töweregi bolan aýlawly merdiwan gurlupdyr. Merdiwanyň her bir basgançagynyň derejesinde minaranyň öz ýüzünde hem-de daýanç sütüninde 20 sm. töweregi çuňlukda çukur bar, bu bolsa kerbiçden edilen basgançaklaryň agajyň kömegi bilen bejerilenligine şaýatlyk edýär.
    Minara kerpijiniuň nagyşly örülişiniň kämilligi bilen hem-de desganyň sütüniniň daşyna üç gezek aýlanan arap hatly lentasy bilen täsindir. Relýef ýazgylary kerpiçden kufa stilinde ýazylypdyr. M.Ý.Massonyň düşündirişine görä ortaky tekstde şeýle diýilýär: “Eziz keremli Allanyň hormatyna! Allanyň medetkärliginde! Rabadyň eýesi Aby-Japar Ahmet Abu-El-Agarra oglunyň buýruk berenliginden, goý ony Allah belent etsin! Aly Zyýadyň (oglunyň) işi”. Aşaky ýazuwyň soňlaýjy bölüminde metjidiň we minaranyň gurlan wagty hijriniň 495-nji ýyly ýa-da milady hasabyndan bolsa 1102-1103-nji ýyllar getirilipdir.
  • Şirbekir kümmeti (Shirbekir Tomb): 10-njy asyrda Balkan welaýatynyň häzirki çäklerinde gurulan. Maşat-Misserian şäherçesinden 7 km demirgazykda Maşat gonamçylygy ýerleşýär. Häzirki wagtda bu ýerde XI-XII asyralara degişli atsyz kümmetleriň ýarym ýykylan harabaçylyklary bar. Şolaryň arasynda iň oňat saklanyp galany Şirkebiriň metjit-kümmetidirdir. Hürärmenleriň kesgitlemegine görä bu metjit IX-X asyrlarda bina edilen bolmaly. Bu bina 11 metr töweregi bolan çaklaňrak gümmezi bilen tapawutlanýar. Bu jaýyň içinde mährap bar. Ähtimal munuň içinde jaýlaýyş dessurlary ýerine ýetirilendir we bu jaý metjidiň wezipesini hem berjaý edendir.
  • Türkmen Stounhenj (Turkmen Stonehenge): Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Çendir jülgesiniň Ak obasynyň golaýynda, Gyzyl Ymam gonamçylygyň günorta-günbatarynda ýerleşýär. Ol ýerdäki gadymdan dikeldilen, ýogynlygy 30-40 santimetre ýetýän, iň beýigi ýerden 5 metrden gowrak saýlanyp duran daşlar öz ýasalyş aýratynlyklary boýunça ençeme jogapsyz sowallary orta atýar.
  • Parow Bibi / Paraw Ata (Parovbibi / Paravata): Balkan welaýatynyňSerdar şäherinden 25 kilometr günbatarda, dagyň eteginde ýerleşýän bu oba bilen dag aralykda gadymy Paraw (käbir çeşmelerde Ferawa) diýen şäheriň galyndylary bar. Bu ýerde iki sany gümmezli gubur şu wagta çenli saklanyp galypdyr. Olardan bir kilometr çemesi uzaklykda, dagyň belent gaýasynda XI asyra degişli hasap edilýän ýer bar.
  • Fahraddin Razy Mawzaleýi (Fakhrattin Razi Mausoleum)
  • Azizan Al-Ramatani Mawzaleýi (Azizan Al-Ramatani Mausoleum)
  • Seýit Ahmet Mawzaleýi (Said Ahmed Mausoleum)
  • Gulygerdan Mawzaleýi (Guligerdan Mausoleum)
  • Mätkerim Işan Mawzaleýi (Matkarim Ishan Mausoleum)
  • Daş Gala Mawzaleýi (Dash Fortress)
  • Gaýnar Baba Göli (Gaynar Baba Lake)
  • Mollagara Kurort (Mollakara resort)
  • Ýylly suw (Yylly Water)
  • Arçman Kurort (Archman resort)

Türkmenistanyň Bäş Eýýamy

    Saparmyrat Niýazow (Türkmenbaşy)-nyň ýazan Mukaddes Ruhnama kitabynda görkezilen Türkmenleriň 5 eýýamy şulardyr:
  1. Oguzhan Eýýamy
  2. Gorkut Ata Eýýamy
  3. Görogly Eýýamy
  4. Magtymguly Eýýamy
  5. Türkmenbaşy Eýýamy

Türkmenistanyň Mukaddes Ruhnama Kitaby

Ruhnama iki kitapdan ybaratdyr. Birinjisinde, Türkmenlerin gelip-çykyşy, gadymy taryhy we ata-babalary hakda köp gymmatly maglumatlar ýazylýar. Ruhnamanyň ikinji kitabynda türkmeniň ruhy dünýäsine başgaça dini däp-dessurlary, yslam dini hakda maglumatlar ýazylýar. Ruhnamanyň iki kitaby hem dünýäniň köp dillerine terjime edilip çap edildi. Kosmonawtlar tarapyndan kosmosa äkidildi.

Türkmenistanyň Ýokary Okuw Jaýlary (Institutlary - Uniwersitetleri)

Türkmenistan Uniwersitetleriň Ady Turkmenistan University Name Gurulan Ýyly Şäheri Salgysy
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara Gatnaşyklary Instituty Institute of International Relations of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan 2008 Aşgabat 744000, Galkynyş köçesi, 25, Tel: 22 69 63, Faks: 22 69 63, еmail: IIRMFAtm@gmail.com
Halkara Nebit we Gaz Uniwersiteti International Oil and Gas University 2012 Aşgabat Arçabil şaýoly, 8; tel.: 39-13-74, 39-13-70.
Halkara Türkmen-Türk Uniwersiteti International Turkmen-Turkish University 1993 Aşgabat 744012, Görogly köç. 84-nji jaýy
Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersiteti International University of Humanities and Development 2014 Aşgabat 1958-nji (Andalyp) köçesiniň 169-njy jaýy; tel.: 39-85-53
S.A.Nyýazow adyndaky Polisiýa Akamediýasy Police Academy, named after President of Turkmenistan General of Army S.A.Niyazov 1930 Aşgabat Gorkiý köçesiniň 9-njy jaýy. Tel.: 36-14-78
Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasy State Academy of Arts of Turkmenistan 1994 Aşgabat A.Nowaýy köç.(2022) 90 jaý. Tel.39­38­02; 35­55­08.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti Turkmen Agricultural University, named after S.A. Niyazov 1930 Aşgabat 744012, 2009 (Görogly) köçesi, 143
Türkmen Döwlet Maliýe Instituty Turkmen Institute of Finance 1980 Aşgabat 744027, köç. 1987 Gahryman Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112. tel.: 49-61-99, 49-64-47
Türkmen Milli Konserwatoriýasy Turkmen National Conservatory 1993 Aşgabat köç. 1984 (Puşkin köç., jaý 22). Tel: 39-86-11
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä Dilleri Instituty Turkmen National Institute of World Languages, named after D. Azadi 1996 Aşgabat 2060-njy köçe, 47. Tel: 34-56-71, 34-54-66, faks: 34-39-88
Türkmen Döwlet Binagärlik-Gurluşyk Instituty Turkmen State Institute of Architecture and Construction 1963 Aşgabat 1916-njy köçe, 136. Telefon: 28-76-00. Faks: 28-76-01, 28-75-76.
Türkmen Döwlet Medeniýet Instituty Turkmen State Institute of Culture 2011 Aşgabat Magtymguly şaýolunyň № 4-nji jaýy.
Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş Instituty (öňki NARHOZ) Turkmen State Institute of Economics and Management (formerly Turkmen Institute of National Economy) 1980 Aşgabat 1972-nji (Atatürk) köçe, 73; tel.: 48-62-71, 48-62-76.
Türkmen Döwlet Ulag we Aragatnaşyk Instituty Turkmen State Institute of Transport and Communications 1992 Aşgabat Oguz-han 13
Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk Uniwersiteti Turkmen State Medical University 1931 Aşgabat 2028 köçesiniň 58-nji jaýy. Tel.: 35-19-53. E-mail: medins@online.tm
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet Mugallymçylyk Instituty Turkmen State Pedagogical Institute, named after S. Seydi 1996 Lebap Türkmenabat ş. Şabende köç.7. Tel.: (993422) 62031, faks: (993422) 62031, e-mail: tgpi@online.tm
Türkmenistanyň Döwlet Energetika Instituty Turkmen State Power Engineering Institute 1997 Mary Mary şäheri, Baýramhan köçesiniň 62-nji jaýy, Telelon 6-04-12, Faks 6-04-12
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersiteti Turkmen State University, named after Magtymguly 1950 Aşgabat S. Türkmenbaşy şaýoly, 31. Telefony: 35-11-59; 35-62-68; 39-35-82. Е-mail: science@online.tm
Oguzhan Inžener-Tehnologiýalar Uniwersiteti Oguzhan engineering and technology university of Turkmenistan 2017 Aşgabat Köşi köçesi, 100-nji jaý, Tel: 39-16-73; 39-16-75
Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Harby-Deňiz Instituty Turkmen State Military Navy University of Defense Ministry 2015 Aşgabat Köpetdag etraby, Gahryman Atamyrat Nyýazow köçesi, 135, Tel: 40 59 67, 40 59 68, 40 27 41
Türkmenistanyň Harby instituty Military University of Turkmenistan 1993 Aşgabat Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy
Türkmenistanyň Milli Sport we Syýahatçylyk Instituty National Institute of Sports and Tourism of Turkmenistan 1981 Aşgabat Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow, 15 a. Tel.: 362540, faks: 36 24 56
Türkmenistanyň Jemagat Hojalygy Instituty Institute of Communal Services 2017 Aşgabat B.Annanow köçesi, 136, «A» okuw binasy; tel.: 28-18-85, 28-18-16.

Türkmenistanyň Ministerleri

Ministry of Foreign AffairsRaşit Meredow
Interior MinisterAnnaberdi Kakabaýew
Minister of Economics and FinancesHojamyrat Geldimyradow
Minister of DefenseAgageldi Mämmetgeldiýew
Minister of EducationMuhammetgeldi Annaamanow
Ministry of Oil and GasKakaýew Ýagşygeldy
Cabinet of Ministers of Turkmenistan Hydyr Saparlyýew
Deputy chairman of the Cabinet of MinistersGurbannazar Aşyrow
Deputy Prime Minister responsible for the police and armyRaşit Meredow
Minister of Water EconomyMyratgeldy Akmammedow
Deputy Tourism and Sports MinisterDurdy Durdyýew
Agriculture MinisterBegenç Atamyradow
Minister of Textile IndustryYklymberdi Paromow
Deputy Oil and Gas Industry and Natural Resources MinisterIşanguly Nuryýew

Türkmenistanyň Symbollary

Türkmenistanyň Poçta Kodlary

Ahal welaýatyBalkan welaýaty
Aşgabat şaheri744000Türkmenbaşy745000
Arçabil744901Bekdaş745020
Änew745205Hazar-Çeleken745030
Ruhabat745202Balkanabat745100
Abadan745220Gumdag745110
Gökdepe745190Bereket745130
Baharly745180Serdar745150
Bamy745170Magtymguly745160
Kaka745340Etrek745230
Tejen we Altyn Asyr745360Esenguly745240
Babadaýhan745380
Duşak745350Daşoguz welaýaty
Mäne745351Daşoguz746300
Çäçe745352Gubadag746363
Saragt745250Niýazow746311
Kiçi aga745252Ýylanly746320
Akdepe746340
Lebap welaýatyKöne-ürgenç746370
Birata746240Görogly746380
Gazojak746270Boldumsaz746350
Türkmenabat746100S.Türkmenbaşy746400
Atamyrat-Kerki746620Ruhubelent746401
Hojambaz746150
B.S.Türkmenbaşy746613Mary  welaýaty
Köýtendag746670Mary745400
Magdanly746680Oguzhan745391
Halaç746632Zähmet746030
Farap746070Baýramaly746000
Saýat746120Üçajy746050
Sakar746134Rawnina746040
Garabekewül746140Wekilbazar745480
Serdarabat746101Sakarçage745420
Seýdi746222Türkmengala745430
Galkynyş746200Murgap745450
Yolöten746420
Tagtabazar746520
Serhetabat746570
Garagum746014

Türkmenistandaky Bellenilýän Günler

Ýanwar 01Täze ýyl (New Year)
Ýanwar 12Ýatlama/Hatyra Güni (Memorial Day)
Fewral 19Döwlet Baýdagynyň güni (National Flag Day)
Mart 08Halkara zenanlar güni (International Women's Day)
Mart 21-22Milli bahar baýramy (Nowruz)
Maý 09Ýeňiş güni (Victory Day)
Maý 18Konstitusiýa güni we Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni (Constitution & Magtymguly Pyragy Poetry Day)
Oktýabr 06Milli ýatlama güni (Memorial Day)
Oktýabr 27-28Garaşsyzlyk güni (Independence Day)
Dekabr 12Bitaraplyk güni (Neutrality Day)
Her ýyl bellenilip geçilýän Gurban baýramynyň we Oraza baýramynyň seneleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.
Tegler: turkmenistan, maglumat, turkmenistan hakynda, turkmenistan barada, turkmencilik, turkmen, turkmenler, turkmence, turkmen halysy, turkmenistan ykdysadiyet, turkmenistan ministerleri, turkmenistan alabay iti, turkmenistan ahal teke bedew aty, turkmenistan telpek tahya, turkmenistan say sepleri, turkmenistan gopuz, turkmenistan dutar, turkmenistan akoy, turkmenistan garaoy, turkmenistan gelin gyz guppa, turkmenistan kust depdi, turkmenistan palow, turkmenistan taryhy, turkmenistan baydagy gerbi amblemi, turkmenistan pasporty, turkmenistan klimaty, turkmenistan welayatlar, turkmenistan saherler, turkmenistan obalar, turkmenistan mekdepler, turkmenistan yokary okuw jaylary, turkmenistan universiteler, turkmenistan uniwersitetler, turkmenistan institutlar, turkmenistan gezelenc yerleri, turkmenistan poçta kodlary, turkmenistan gunler, turkmenistan ekonomika, turkmenistan economics, about turkmenistan, turkmenistan ekonomisi, holidays in turkmenistan, historical places in turkmenistan, touristic places in turkmenistan, Awaza, Avaza, Garaşssyzlyk Binasy, Monument Arch of Independence, Bitaraplyk Binasy, Monument Arch of Neutrality, Ruhyýet Köşgi, Rukhiyet Palace, Oguzhan President Köşgi Palace, Halk Hakydasy Memorial Complex, Ruhy Tagzym, Baky Şöhrat Monument of Eternal Glory, Ashgabat Flagpole, türkmenbaşy, gurjak Teatr, Ruhy Metjit, tolkuchka, jygyldyk, Tolkuçka, Kyrkgyz, Ýangygala, Kow Ata, Köneürgenç, Altyn asyr, 360 Pirler, Gutlug Temur, kyrkmolla, Nejimeddin Kubra, Anuş Tekin, Atsyz Horezmşa, Mawzaleý, Jelaleddin Meňburun, Ýusup Hamedany, Soltan Sanjar, Alparslan, Malikşa, Seljuk döwleti, Magtymguly, Gorkut ata, Görögly, Derweze, Astanababa, Gyzlarbibi, Hoja Idat, Gaýnar Baba, Arçabil, Arçman Kurort, Mollagara Kurort, balkan welayaty, daşoguz welayaty, mary welayaty, lebap welayaty, ahal welayaty, aşgabat saheri.