Agza Boluň
    Dünýä Türkmenleriniň birleşen nokady

E-DOSTLUK ULANYŞ DÜZGÜNNAMASY



Bu sözleşme Türkmençe ýazylandyr. Eger-de saýtymyzyň içinde iňlisçe ýazga duşsaňyz, onda iňlisçe hökümlidir we beýle halatlarda haýyş bize habar bermegiňizi soraýarys. Bu saýt esasan Türkmenistan raýatlary üçin we Türkmenistanyň şertleri göz öňünde tutulyp gurulandyr. Emma beýleki döwletleriň raýatlary hem bu saýtymyzyň hyzmatyndan çäksiz peýdalanyp biler.
Soňky Üýtgedilen Taryhy: 08 Ýanwar 2013.


Hak we Jogapkärçilik Düzgünnamasy

Bu saýtdaky hak we jogapkärçilik agzalar arasy aragatnaşyk baglanyşygyndan öte däldir we saýtymyza agza bolan ýa-da boljak ähli şahyslar bu düzgünnama razyçylygyny bildirýär diýlip kabul edilýär.


Gizlinlik Düzgünnamasy

Gizlinlik düzgünnamasy biziň üçin gaty ähmiýetli we möhümdir. Şonuň üçin hem E-Dostluk agzalary goşýan we paýlaşýan zatlarynda akly-sagdynlykda hereket etmelidir. Biz onuň üçin ähli gerekli we elýeterli şertleri E-Dostluk saýtynda sazladyk.


Paýlaşymlar we Maglumatlar Düzgünnamasy

E-Dostluk saýtynda paýlaşym we maglumatlaryňyzyň gizginligini dolandyryp bilersiňiz. Siziň sazlan hususy gizginlik sazlamalarynda eE-Dostluk Topary jogapkär däldir. Ýene-de agzalar arasy surat, aýdym, wideo, makala we beýleki şahsy mülkiýetleriňiziň paýlaşymlary siziň kontrolyňyzdadyr we hasap agzalygyňyz dowam edýänçä E-Dostluk saýtynyň düzgünnamalary astynda hereket eder. Saýtymyzda her paýlaşymlaryň bir lissenziýasy bolar. Eger-de hasabyň ýapylan ýagdaýynda onda size degişli paýlaşymlaryňyz beýleki agzalar tarapyndan paýlaşylmadyk bolsa ýa-da bu agzalar tarapyndan pozulan bolsa onda bu lissenziýa hökümsizleşer. Başga bir bellenilmeli punkt bolsa, E-Dostluk saýtyndaky ähli pozulan paýlaşymlaryň yzyna alyp bolmajagydyr. Bu punkt bilen agzalar bir paýlaşymy pozmak islänlerinde, bu düzgünnama razyçylykygy bildirýär diýlip kabul edilýär.

Paýlaşymlar we Maglumatlaryň neşri şu görnüşlerde bolýar:

- Hemme: Muny E-Dostluk saýtynyň ähli agzalary, hat-da agza bolmadyk myhmanlar hem görüp biler.
- Agzalar (Ähli Agzalar): Muny diňeje E-Dostluk saýtynyň ähli agzalary görüp biler.
- Dostlarym: Muny diňeje E-Dostluk saýtyndaky dostlaryňyz görüp biler.
- Dostlarymyň Dostlary: Muny diňeje E-Dostluk saýtyndaky dostlaryňyz, hat-da olaryň dostlary hem görüp biler.
- Diňeje Men (Hiçkim): Muny diňeje özüňiz görüp bilersiňiz.

E-Dostluk saýtynda paýlaşymlar goşmagyňyz biziň üçin gaty ähmiýetlidir, ýöne biz bu paýlaşymlaryňyz üçin garşylyk bermäge jogapkär däldiris.


Goranyş Düzgünnamasy

E-Dostluk saýtynyň ähli taraplaýyn goranylmagyny berjaý etmek üçin biz hem bar güýçümizi sarp edýäris. Ýöne saýtymyzyň tötänleýin hemişe garanti astynda boljakdygyny söz berip bilemzok. Bu babatda bize siziň kömegiňiz gerek bolýar:
- E-Dostlukda rugsat berilmeýän täjirlik paýlaşymlaryny (spam) goşamazlygyňyzy soraýarys.
- Bizden rugsat alman, (mail atak, spider, keylogger we ş.m.)programmalaryň üsti bilen beýleki agzalarymyzyň maglumatlaryna elýetirmezligiňizi we haklaryna geçmezligiňizi soraýarys.
- E-Dostluk saýtymyzda döwlet hukuk kanunlary içinde hereket etmegiňizi we illegalçylykdan daşda durmagyňyzy soraýarys.
- Wirus ýa-da erbet niýetli kodlamalar goşmazlygyňyzy soraýarys.
- Başkalaryna degişli giriş maglumatlaryny sormazlygyňyzy we olaryň hasaplaryna elýetirmezligiňizi soraýarys.
- Jemgyýetimizdäki hiç bir agzamyza azar bermezligiňizi we olary birahat etmezligiňizi soraýarys.
- Ýigrençlik, ýalaňaçlylyk, pornografiki paýlaşymlar goşmazlygyňyzy soraýarys we Türkmenistan kanunlaryna içinde hereket etmegiňizi ýene-de bir gezek ýatladvarys.
- Saýta görkezilen ýaş düzgünnamasyna uýmagyňyzy, alkolog, tirýek we goşandylaryny (reklama dahyl) paýlaşmazlygyňyzy soraýarys.


Registrasiýa we Hasap howpsuzlygy

E-Dostluk saýtymyza registrasiýa bolan agzalar özleriniň hakyky adyny we familiýasiny ulanmalydyr. Biz size diňeje bu ýagdaýda howpsuzlygy garantiýa edip bileris. Registrasiýa bolan wagtyňyzda şu şertler bilen awtomatiki ylalaşýarsyňyz diýlip kabul ediler:
- E-Dostluk saýtynda özüňiziň hakyky adyňyzy we familiýaňyzy ulanmalysyňyz.
- Birden köp hasap açmaly dälsiňiz.
- 13 ýaşyndan kiçi bolsaňyz, E-Dostluk saýtyny ulanmaly dälsiňiz.
- Hasabyňyzy söwdä bähbidinde ulanmaly dälsiňiz.
- Maglumatlaryňyzy dogry ýazmalysyňyz. Üýtgän ýagdaýynda täzeläp durmalysyňyz.
- Açarsöziňizi hiç kim bilen paýlaşmaly dälsiňiz. Başka birileri siziň hasabyňyza elýeterip bilmeli däldir.
- Bize beren maglumatlaryňyzyň howpsuzlyk hemişe içinde galjakdygyny bilmelisiňiz.



Beýleki Şahyslaryň Haklaryny Goramak

- Beýleki şahyslaryň haklaryna çeýnemeli dälsiňiz.
- Başgalaryna degişli maglumatlary rugsatsyz paýlaşmaly dälsiňiz.
- Eger-de hakyňyz çeýnelse, onda muny bize habar etmelisiňiz. Teswiri, Predmeti ýa-da beýlekileri şykaýat et bölüminden bize bildirmelisiňiz.
- Saýtymyzyň haklaryna hormat goýmalysyňyz. (E-dostluk, e-dostluk, edostluk, eD, ED, Edost we 1234 sanysy dahyl) ýa-da muňa meňzedip ýasalan markalar, biziň rugsadymyzy alman paýlaşylmaly däldir.
- Özleri razy bolmasa, onda suratlarda, wideolarda, ýa-da beýleki paýlaşymlarda olary belgilemeli dälsiňiz.


Mobil

- E-Dostluk saýtymyzyň mobil wersiýasyny mugt ulanyp bilersiňiz. ýöne operatoryňyz sizi tariflere görä internet hyzmaty üçin töleg talap edip biljekdigini unutmaň.
- Siziň mobil telefonyňyza iberilýän hatlar, smskalar, mobil telefon nomeriňizi çalşan ýagdaýyňyzda, muny bize bildirmelisiňiz. Ýogsam, iberilýän hatlar,smskalar öňki nomeriňize iberilmäne dowam eder.


Tölegler we Pursatlar

- E-Dostluk arkaly bir töleg ýa-da kredit ulanan ýagdaýyňyzda, E-Dostluk Töleg Düzgünnamasyny kabul etdiňiz hasaplanylar.
- Bir pursat satyn alsaňyz, onda E-Dostluk Pursat Düzgünnamasyny kabul etdiňiz hasaplanylar.



Baglanyşyk we Paýlaş düwmeleri üçin Ýörite Düzgünnamalar

Beýleki Internet saýtalaryna Baglanyşyk Paýlaş düwmelerini goşan ýagdaýyňyzda, şu goşmaça şertlere boýun egersiňiz:
- Ulanyjylaryň beýleki internet saýtlarynda E-Dostluk saýtyndaky ýazgy ýa-da baglanyşyk paýlaşmagyny rugsat berýäris. Şonuň üçin paýlaşylmagyny islemedik ýazgylaryňyzy E-Dostluk saýtyna goşmazlygyňyzy soraýarys.



Programma, Internet Saýty we Operator Kämilleşdirijilere Ýörite Düzgünnama

E-Dostluk platformasynda bir programma ýa-da internet saýty kämilleşdirijisi ýa-da operator bolsaňyz, şu düzgünnamalara boýun egmelisiňiz:
- Programmaňyzyň ýa-da platformaňyzyň neneň ulanylýandygyndan göni siz jogapkärsiňiz.
E-Dostluk saýtynda edinen datalaryňyz şular bilen çäklidir:


* Diňeje programmanyň işledilmesi üçin gerekli bolan datalary elýeterli bolarsyňyz.
* Ulanyjylaryň datalary, maglumatlary we paýlaşymlary üçin bir gizginlik howpsuzlygyny hödürlemelisiňiz.
* Ulanyjylaryň datalaryny, maglumatlaryny başga bähbit bilen başga ýerlerde (ulanyjynyň rugsady bolsa-da) ulanmaly, paýlaşmaly ýa-da
başgalara satmaly dälsiňiz.
* Ulanyjylar bizden, size hödürlän öz maglumatlaryny pozmagymyzy isleseler, onda biz muny size soraman berjaý ederis.
* Programmaňyza bizden rugsat alman reklama goşmaly dälsiňiz.
* Siziň programmaňyz ýa-da platformaňyz hemişe biziň barlagymyzda bolar. Ters bir ýagdaýa duşan halatymyzda, onda programmaňyzy,
* Programmany aýyrma ýa-da baglanyşygy kesme operasiýasyny ulanyjylara aňsat usuldan hödülemelisiňiz.
* Ulanyjylarda edinen maglumat we datalary bize iberilmeli dälsiňiz.
* Bizden alan kod, API, data ýa-da ID nomerlerini gereklii haklary bilen bilelikde sizlere berýäris.
* Bu kod, API, data we ID nomerlerini hiç kime satmaly dälsiňiz.
* E-Dostluk bilen bolan baglanyşygyňyzy başgalar ýalňyş tanatmaly dälsiňiz.
* E-Dostluk platforma düzgünnamalaryna boýun egdigiňizçe, size hödürlenen Logo, Suratjyk we beýleki serişdeleri ulanyp bilersiňiz.
* Siziň bilen aramyzdaky ähli gatnaşygymyzy gösterýän bir ýazgy, surat neşredip bilersiňiz.


E-Dostluk tarapyndan hödürlenen ýa-da goşulan Reklamalar hakynda Düzgünnama

E-Dostluk saýtymyzda hödürlenen ýa-da goýulan reklamalaryň ählisi şu düzgünnamalar boýun eger:
* Gizginlik sazlamalaryny ulanyp, adyňyzy ýa-da profil suratjygyňyzy rugsat berilen reklamalaryňyz bilen baglanyşdyryp bilersiňiz.
* Reklama berlen ýa-da goşan ýagdaýyňyzda birinji derejeden göni jogapkärçilik siziň üstüňizedir.
* Reklama töleglerini talap edip biljekdigimizi unutmaň.
* Reklama satyn alanyňyzda, islän köpçilik saýlap bilersiňiz we biz sizlere reklamaňyzyň seredilmesi, okalmasy, görülmesi barada
statistiki datalar bilen üpjün edip durarys.
* Reklamaňyzy ähli netijeleri size degişlidir.
* Reklamaňyzyň E-Dostluk saýtymyzdaky ýerini, razmerini biz kesgitläris.
* Biziň bilen bolan ylalyşygyňda bir kemçilik ýa-da düzgünnamalaryň pozulmagy ýagdaýy ýüze çyksa, onda biz size muny habar bereris
ýa-da saýtymyzdaky reklamaňyzy pozarys.
* Türkmenistan kanunlaryna ters, illegal haryt, predmet, önüm ýa-da markalar reklama edilmeli däldir.


E-Dostluk Sahypa Düzgünnamasy

E-Dostluk saýtymyzda sahypa açan bolsaňyz bu düzgünnama boýun egersiňiz:
- Ahlak kadalaryna ters sahypa açylmaly däldir.
- Türkmenistan kanunlaryna garşy hereket etjek sahypalaryň açylmasy gadagandyr.
- Türkmençiligimizi, däp-dessurlarymyzy kemsidiji sahypalaryň açylmasy gadagandyr.
- Dini garalaýjy ýazgylaryň paýlaşylýan sahypalaryň açylmasy gadagandyr.
- Islendik şahyslary kemsidiji, garalaýjy sahypalaryň açylmasy gadagandyr.
- E-Dostluk saýtymyzy garalaýjy sahypalaryň açylmasy gadagandyr.
- Sahyplaryň ählisi bizin barlaglarymyzyň astynda bolar. Düzgünnama ters düşen ýagdaýyňyzda sahypaňyzy ýaparys.
- Bu düzgünnamada ýazylmadyk bolsa-da, barlagymyz netijesinde biziň islemedik sahypalarymyzy ýapyp biljekdigimizi unutmaň.


Hasap Elýeterliligi Düzgünnamasy

- Hasabyňyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek biziň jogapkärçiligimizde, ýöne bu hökmüň işlewlikde bolmasy üçin biziň ählis düzgünnamamyz boýunça hereket etmelisiňiz.
- Hasabyňyzy islän wagtda aňsatlyk bilen pozup bilersiňiz.



Türkmenistan Çäklerinden Daşardaky Ulanyjylar üçin Düzgünnamasy

- Her kim Türkmenistan kanunlaryny we muňa goşmaça öz ýaşaýan ýurtlaryndaky kanunlary astynda hereket etmelidir.
- Her kim Türkmenistan däp-dessurlary we muňa goşmaça öz ýaşaýan ýurtlaryndaky ýerli däp-dessurlara hormat goýmalydyr.
- Türkmenistan çäklerinden daşardaky ähli töleglerden (bar bolsa) biz jogapkär däldiris.


E-Dostluk Saýtynyň Eýesi E-Dostluk Topary Barada

E-Dostluk türkmençe hödürlenýän sosiýal paýlaşym saýtydyr. Bu saýty kämilleşdiren E-Dostluk topary, mundan soň hem saýtyň barlag, dolandyryş, howpsuzlyk üpjünçiligi, dizaýn we bütin beýleki hakyna eýedir. Saýtymyz dolandyrýan E-Dostluk Toparynyň agzalary umuman Türkmenistan çäkleriniň daşarsynda (London/Birleşen Korollyk) okaýan talyplardan ybaratdyr. Saýtyň eýesi Yhlas Sowbetow Nobatowiç. Biz häzirlikçe E-Dostluk saýtyny diňeje Türkmen dilinde hödürleýäris.


Sizden Teklip we Şykaýatlar

E-Dostluk saýtymyzy has hem kämilleşdirmek üçin sizden pikriňizi soraýarys. Goşmaça saýtymyzda görmek isleýän hyzmatlary haýyş bize habar ediň. Saýtymyzda islemedigiňiz ýa-da ýalňyşlyk goýberilen maddalary bize habar berseňiz, minnetdar bolarys.

___________________________________________________________________________________________________________________________________
Tegler: sertler