Agza Boluň
    Dünýä Türkmenleriniň birleşen nokady
Hasap Elýeterliligi Düzgünnamasy

- Hasabyňyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek biziň jogapkärçiligimizde, ýöne bu hökmüň işlewlikde bolmasy üçin biziň ählis düzgünnamamyz boýunça hereket etmelisiňiz.
- E-Dostluk saýtymyzyň anti-wiruslara, hakerlere garşy çydamly goralandyr. Hasabyňyz we maglumatlaryňyzyň howsuzlygy hakynda ynamly boluň.
- Hasabyňyzy islän wagtda aňsatlyk bilen pozup bilersiňiz.

Goranyş Düzgünnamasy

E-Dostluk saýtynyň ähli taraplaýyn goranylmagyny berjaý etmek üçin biz hem bar güýçümizi sarp edýäris. Ýöne saýtymyzyň tötänleýin hemişe garanti astynda boljakdygyny söz berip bilemzok. Bu babatda bize siziň kömegiňiz gerek bolýar:
- E-Dostlukda rugsat berilmeýän täjirlik paýlaşymlaryny (spam) goşamazlygyňyzy soraýarys.
- Bizden rugsat alman, (mail atak, spider, keylogger we ş.m.)programmalaryň üsti bilen beýleki agzalarymyzyň maglumatlaryna elýetirmezligiňizi we haklaryna geçmezligiňizi soraýarys.
- E-Dostluk saýtymyzda döwlet hukuk kanunlary içinde hereket etmegiňizi we illegalçylykdan daşda durmagyňyzy soraýarys.
- Wirus ýa-da erbet niýetli kodlamalar goşmazlygyňyzy soraýarys.
- Başkalaryna degişli giriş maglumatlaryny sormazlygyňyzy we olaryň hasaplaryna elýetirmezligiňizi soraýarys.
- Jemgyýetimizdäki hiç bir agzamyza azar bermezligiňizi we olary birahat etmezligiňizi soraýarys.
- Ýigrençlik, ýalaňaçlylyk, pornografiki paýlaşymlar goşmazlygyňyzy soraýarys we Türkmenistan kanunlaryna içinde hereket etmegiňizi ýene-de bir gezek ýatladvarys.
- Saýta görkezilen ýaş düzgünnamasyna uýmagyňyzy, alkolog, tirýek we goşandylaryny (reklama dahyl) paýlaşmazlygyňyzy soraýarys.

Gizlinlik Düzgünnamasy

Gizlinlik düzgünnamasy biziň üçin gaty ähmiýetli we möhümdir. Şonuň üçin hem e-dostluk agzalary goşýan we paýlaşýan zatlarynda akly-sagdynlykda hereket etmelidir. Biz onuň üçin ähli gerekli we elýeterli şertleri E-Dostluk saýtynda sazladyk.


Paýlaşymlar we Maglumatlar Düzgünnamasy

E-Dostluk saýtynda paýlaşym we maglumatlaryňyzyň gizginligini dolandyryp bilersiňiz. Siziň sazlan hususy gizginlik sazlamalarynda E-Dostluk jogapkär däldir. Ýene-de agzalar arasy surat, aýdym, wideo, makala we beýleki şahsy mülkiýetleriňiziň paýlaşymlary siziň kontrolyňyzdadyr we hasap agzalygyňyz dowam edýänçä e-dostluk saýtynyň düzgünnamalary astynda hereket eder. Saýtymyzda her paýlaşymlaryň bir lissenziýasy bolar. Eger-de hasabyň ýapylan ýagdaýynda onda size degişli paýlaşymlaryňyz beýleki agzalar tarapyndan paýlaşylmadyk bolsa ýa-da bu agzalar tarapyndan pozulan bolsa onda bu lissenziýa hökümsizleşer. Başga bir bellenilmeli punkt bolsa, E-Dostluk saýtyndaky ähli pozulan paýlaşymlaryň yzyna alyp bolmajagydyr. Bu punkt bilen agzalar bir paýlaşymy pozmak islänlerinde, bu düzgünnama razyçylykygy bildirýär diýlip kabul edilýär.

Paýlaşymlar we Maglumatlaryň neşri şu görnüşlerde bolýar:

- Hemme: Muny E-Dostluk saýtynyň ähli agzalary, hat-da agza bolmadyk myhmanlar hem görüp biler.
- Agzalar (Ähli Agzalar): Muny diňeje E-Dostluk saýtynyň ähli agzalary görüp biler.
- Dostlarym: Muny diňeje E-Dostluk saýtyndaky dostlaryňyz görüp biler.
- Dostlarymyň Dostlary: Muny diňeje E-Dostluk saýtyndaky dostlaryňyz, hat-da olaryň dostlary hem görüp biler.
- Diňeje Men (Hiçkim): Muny diňeje özüňiz görüp bilersiňiz.

E-Dostluk saýtynda paýlaşymlar goşmagyňyz biziň üçin gaty ähmiýetlidir, ýöne biz bu paýlaşymlaryňyz üçin garşylyk bermäge jogapkär däldiris.