Agza Boluň
    Dünýä Türkmenleriniň birleşen nokady
Kategoriýalar

Saýtyň funksiýalaryna has gowy düşünmek we amatly ulanmak üçin şulara bir göz aýlaň.

KSS Umumy

E-Dostluk näme?
E-Dostluk Türkmençe Sosiýal Platformadyr. Bu saýta her kim agza bolup biler. Agzalar saýtyň ähli hyzmatlarynda mugt peýdalanyp biler.

KSS Hasabym

Hasabymyň gizginlik sazlamalary nähili?
Hasabyňyzyň gizginlik sazlamalaryny düzmek üçin şu ýoly yzarlaň: sag menu/Hasabym/Gizginlik Sazlamalary
Bu ýerde 5 sany ast menu bar:
  • Profil: Habarhat we Profil maglumatlaryňyzyň gizginligi
  • Paýlaşymlar: paýlaşymlaryňyzyň gizginligi
  • Bildirişler: mail adresiňize gelýän hatlaryň gizlinligi
  • Gulplar: saýtda gulplan (blok) agzalaryň sazlamalary
  • Çat Mody: Çat sistemasyndaky görünmezlik mody
    Gizginlik sazlamalary bilen siz profil maglumatlaryňyzy, suratlaryňyzy we dostlaryňyzy kimleriň görüp biljekdigini, kimleriň size hat ýazyp biljekdigini, we beýleki funksiýalardaky gizginligini girizip bilersiňiz.
  • Gizginlik Sazlamalarymy nädip dolandyrmaly?
    Sag menudan Hasabym » Gizginlik Sazlamalary girip, profiliňiziň gizginligini dolandyryp bilersiňiz.
    Täzelik bildirişlerini nädip dolandyrmaly?
    Sag menudan Hasabym » Gizginlik Sazlamalary seçgisine girip, mail adresiňize haýsy bildiriş hatlarynyň gelmegini isläniňizi kesgitläp bilersiňiz.
    Hasap Sazlamalarymy nireden dolandyryp bilerin?
    Hasabymyň içeri giriş açarsözini unutdym, açarsözimi nädip täzeläp bilerin?
    E-Dostluk giriş sahypadynda, hasabyňyza girmek üçin saýtymyza girizilen e-poçta adresiňiz we açarsöziňiz talap edilýär. Eger-de açarsöziňizi unudan ýagdaýyňyzda, muny aňsatlyk bilen çalşyp bilersiňiz. Açarsöz gutusynyň aşagyndaky Açarsözimi Unutdym seçgisini arkaly täze açarsözi talap edip bilersiňiz. Sizden saýtymyza girizilen e-poçta adresiňiz talap ediler we täze açarsöziňiz şol adrese ugradylar.
    "Sahypamdan Gir" funksiýasyny nähili peýdalanmaly?
    Dostlarymy nädip görüp, goşup ýa-da aýryp bilerin?
  • Dostlarymy Görjek
    Dostlaryňyzy Profilym seçgisine basyp, çep tarapdaky profil seçgilerden Dostlary basyp görüp bilersiňiz.
  • Dost Goşmak
    Dostlaşmak islän agzanyň profilini açyp, sag ýokarda "Dostlaş" seçgisi bilen oňa dostluk teklipi ugradyp bilersiňiz. Ol agza teklipiňizi kabul etmese, siz onuň bilen dostlaşyp bilmersiňiz.
  • Dostumy Aýyrjak
    Dostuňyzy aýyrjak bolsaňyz, dostuňyzyň profilini açyň. Çep tarapdan iň aşakda "Dostlugymy Poz" seçgisi arkaly muny amala aşyryp bilersiňiz.
  • Sosiýal Oklaýjy funksiýasyny nähili peýdalanmaly?
    Sosiýal Oklaýjy funksiýasy, E-Dostluk saýtyndaky paýlaşymlaryňyzy beýleki sosiýal saýtlar ýagny, facebook, twitter we linkedin saýtlaryndaky hasabyňyza awtomatiki oklama işlewini ýerine ýetirýär.
    Mysal üçin: E-Dostluk saýtynda bir ýazgy paýlaşsaňyz, eger-de sosiýal oklaýjy sazlamalaryňyz sazlanan bolsa, onda twitter hasabyňyzda hem şol bir ýazgy awtomatiki paýlaşylar.
    Sazlanyşy:
    - Sag menuda Hasabym | Sosiýal Oklaýjy Sazlamalary seçgisine girip, "baglanmak üçin - şu ýerik basyň" ýazgysyna basyp, E-Dostluk-daky hasabyňyzy Facebook, Twitter we Linkedin hasaplaryňyz bilen baglap bilersiňiz.
    *** Şu wagtlaýynça diňeje TWITTER oklaýjy işleýär. Linkedin funksiýasy ulanylmany üçin aýyrdyk. FACEBOOK baglanyş hyzmatynda problema bar. (SAZLANYŞDA)

    KSS Profil

    Profil maglumatlarymy nireden dolduryp ýa-da dolandyryp bilerin?
    Sag menudan Profil » Profil Sazlamalary seçgisine gireniňizde, garşyňyza 4 ast menu çykar.
  • Esasy Maglumatlarym
  • - Ýaşaýan ýeriňizi, şäheriňizi, ZIP poçta nomeriňizi, Doglan günüňizi, Jynsyňyzy, Gatnaşyk Ýagdaýyňyzy, Forumdaky goluňyzy ýazyp bilersiňiz.
  • Men Barada
  • - TM welaýatyňyzy; Boý, Agram, Saç reňki, Göz reňki ýaly fiziki görnüşiňizi, Bilýän dilleriňizi ýaly maglumatlaryňyzy girizip bilersiňiz.
  • Habarlaşma Maglumatlary
  • - Telefon, E-poçta, Facebook, Twitter, MailRu Agent logini, Odnoklassniki, Vkontakte, Skype, MSN Messenger ýaly habarlaşma serişdeleriňizi, hem-de hususy web saýtyňyzy girizip bilersiňiz.
  • Goşmaça
  • - Ynanýan diniňizi, Hobi we Fobileriňizi ýaly goşmaça maglumatlary girizip bilersiňiz.
    Profil suratjygyny nireden dolandyrmaly?
    Sag menudan Profil » Profil Suratjygyny Üýtget seçgisine girip, Surat Saýlaň düwmesi arkaly täze surat ýükläp bilersiňiz. Şeýle hem şol ýerde Orginal, Minýatur we Awatar diýlen suradyňyzyň 3 görnüşi bolmaly.
    *** Ilkinji gezek ýükläniňizde, diňeje ORGINAL surat görnüşi bolar, soňra ony kesmek bilen Awatary we Minýatur görnüşlerini elde ediler. Muny etmegiňiz gerekli, bolmasa saýtda käbir ýerlerde suradyňyz görünmän biler.
    Iş we Okuw maglumatlarymy nireden dolandyryp bilerin?
    Sag menudan Profil » Iş we Okuw Maglumatlary seçgisine girip, özüňiziň iş we okuw maglumatlaryňyzy ýazyp bilersiňiz. Bu maglumatlar bütin agzalarda diňeje Profil » Profilym » Agza Hakynda seçgisinde görkeziler.
    Profil tassyklatma näme? Hökmanmy? Näme peýdasy ýa-da zyýany bar? Nädip tassyklatmaly? Näçe günde jogap geler?
    Sag menudan Profil » Profiliňi Tassyklat seçgisine girip, Hakyky Suradyňyzy ýükläp, tassyklanama talap edip bilersiňiz.
    - Tassyknama: diňeje profiliňiziň hakykydygy barada beýleki agzalara maglumat bermek üçin bar. Tassyklatmak hökmany däl.
    - Peýdasy: Beýleki agzalar siziň hakyky profildigiňizi bilerler. Her tassykladylan profil üçin 30 E-Dostluk Manady berler. Profiliniň sag tarapynda "Tassyklanyldy" diýip belgi goýular. Hiç hili zyýany ýok.
    - Tassyklatma Şertleri:
  • Hakyky Ady/Familiýasy
  • Hakyky Surady
  • Hakyky Doglan Güni
    - Näçe günde jogaby belli bolar: 1-5 gün arasynda tassyknama berilip berilmejegi belli bolar.
  • KSS Suratlar

    Awatar surat näme? Nädip dolandyrmaly?
    Awatar suratjygy, E-Dostluk saýtynda görkezilýän kiçijik (25x25/50x50/100x100) suratjyklardyr.
    Dolandyrylyşy: Sag menudan Profil | Profil Suratjygyny Üýtget seçgisine basyp, ýüklän orginal suradyňyzy gaýçy bilen kesip, awatar suratjygyny edinip bilersiňiz. Işlewlerden soňra "Awatary Ýatda Sakla" düwmesine basmany unutmaň!
    Profil suratjygy nädip goşup/üýtgedip bilerin?
    Profil Suratjygyny Üýtgetmek: Iň ýokardy panel menudan Suratlar | Suratlarym seçgisine girip, ýüklän islendik suradyňyzyň üstüne basyp, çep ýokarda Amallar | Profil Suratjygy Et düwmesi arkaly üýtgedip bilersiňiz.
    Profil Suratjygy Goşmak: Täze profil suratjygy ýüklemek üçin Profil | Profil Suratjygyny Üýtget seçgisine basyp, aşakdaky "Faýl Saýla" düwmesi arkaly komputeriňizden surat ýükläp bilerisiňiz.
    Ýükländen soňra, gaýçy bilen "awatar" suratjygyny hem kesgitläň.
    Suratlarymy nädip pozup bilerin?
    Surat pozmak gaty aňsat, pozmak isleýän suradyňyzy üstüne basyp açyň. Çep ýokarda Amallar | Bu Suraty Poz seçgisine basmak bilen siz suraty pozup bilersiňiz.
    Nädip surat ýükläp bilerin?
    E-Dostluk saýtynda surat ýüklemek gaty aňsat. Munuň iki ýoly bar:
  • Diwardan: Hereket diwarynda "Paýlaş" işlewiniň ýanyndaky seçgilerden "Surat" seçgisini saýlaň. Soňra berlen düwme arkaly komputeriňizdäki suraty saýlaň. Isleseňiz suradyň ýanyna teswir goşup, hem-de suradyň gizginligini sazlap, paýlaşyp bilersiňiz.
  • Menudan: Iň ýokardaky panel menudan "Suratlar" menusyny açyň. Sag ýokarda "Täze Surat Ýükle" düwmesine basyň. Ýüklejek suradyňyzy täze alboma ýa-da öňki gurulan alboma ýerleşdiriň. Gizginlik sazlamalaryny sazlap, aşakdaky berlen düwme arkaly komputeriňizden surat saýlap, "Ýükle" düwmesine basyň.
  • Suratlary nädip teswirlemeli / halamaly / paýlaşmaly?
    Her suradyň aşagynda "Haladym"/"Teswirle"/"Paýlaş" seçgileri bardyr. Şol seçgilere basmak bilen siz işlewiňizi ýerine ýetirip bilersiňiz.
    Surat Ýaryşmasy / Surat Reýtingi nähili işleýär?
    Iň ýokardaky panelde "Suratlar" bölüminde Surat Ýaryşy we Surat Reýtingi seçgileri bar.
  • Surat Ýaryşmasy: Agzalar tarapyndan ýüklenen suratlar arasyndaky ýaryşdyr. Garşyňyza 2 surat çykar, haýsysy has gowy bolsa, şol suradyň üstüne basmalysyňyz.
  • Surat Reýtingi: Erkin tertipde agzalaryň suratlary garşyňyza çykar we sizden 1-den 10-a çenli bir baha bermegiňizi sorar. Baha bermek islemeseňiz, "Ätle" seçgisine basmalysyňyz.
  • KSS Wideolar

    E-Dostluk saýtyna nädip wideo goşmaly/paýlaşmaly?
    Wideo goşmagyň ýa-da paýlaşmagyň 2 usuly bar:
  • Komputerden Ýüklemek: Iň ýokarky panel menudan Wideolar bölümine girip, çep ýokardaky Wideo Ýükle/Paýlaş düwmesine basyň. Garşyňyza çykan Faýl Ýükle seçgisinde, wideonyň adyny, kategoriýasyny, teglerini, gizginliklerini we başka maglumatlary sazlap, iň aşakdaky "Faýl Saýla" düwmesi bilen komputeriňizden wideony saýlaň we "Ýükle" düwmesine basyň. Ýa-da "Başsahypa"-daky diwardan Paýlaş funksiýasynyň ýanyndan "Wideo" seçgisini saýlap, aňsatlyk bilen komputeriňizdäki wideony ýükläp bilersiňiz.
  • Internetden (URL) Ýüklemek: Iň ýokarky panel menudan Wideolar bölümine girip, çep ýokardaky Wideo Ýükle/Paýlaş düwmesine basyň. Garşyňyza çykan penjireden URL ýaz seçgisine basyp, internetdäki wideolaryň adresini ýazmak bilen olary salgylap bilersiňiz. Ýa-da "Başsahypa"-daky diwardan Paýlaş funksiýasynyň ýanyndan "Link" seçgisini saýlap, aňsatlyk bilen internetdäki wideolary salgylap bilersiňiz.
  • Başga internet saýtlaryndaky wideolary E-Dostluk saýtynda paýlaşyp bolýarmy?
  • Internetden (URL) Ýüklemek: Iň ýokarky panel menudan Wideolar bölümine girip, çep ýokardaky Wideo Ýükle/Paýlaş düwmesine basyň. Garşyňyza çykan penjireden URL ýaz seçgisine basyp, internetdäki wideolaryň adresini ýazmak bilen olary salgylap bilersiňiz. Ýa-da "Başsahypa"-daky diwardan Paýlaş funksiýasynyň ýanyndan "Link" seçgisini saýlap, aňsatlyk bilen internetdäki wideolary salgylap bilersiňiz.
  • E-Dostluk saýtynda goşýan/paýlaşýan wideolarymyň gizginligini nädip sazlamaly?
    Bu saýta goşan/paýlaşan wideolaryňyzyň 2 gizginligini sazlap bilersiňiz:
    1. Wideolary kimler görüp biler?
    2. Wideolara kimler teswir ýazyp biler?
    *** Bu gizginlik sazlamalaryny wideo goşjak/paýlaşjak wagtyňyz sazlap bilersiňiz. Eger-de öň goşan/paýlaşan bir wideoňyzyň gizginligini täzelemek isleňiz onda; wideonyň sag aşagyndaky symbola basyp, "Üýtget" seçgisini ulanyň.
    Wideony nädip halamady, teswirlemeli we bahalamaly?
    Islendik wideony açanyňyzda, aşagynda "Bet"/"Erbet"/"Teswirle"/"Paaýlaş" seçgileri çykar. Şol seçgiler bilen amalyňyza ýerine ýetirip bilersiňiz.
    Bahalamak üçin bolsa, şol açan wideoňyzyň sag aşagynda ýyldyzjyklar bardyr. Şolara basmak bilen siz muňa baha berip bilerisiňiz.
    Wideomy nädip reklama edip bolýar?
    E-Dostluk saýtynda ähli reklama teklipleri üçin biz bilen habarlaşmalysyňyz. Habarlaşmak üçin saýtyň iň aşakdaky menulardan "Habarlaşyň" seçgisini ulanyň.

    KSS Aýdymlar

    E-Dostluk saýtynda nädip Aýdym paýlaşmaly?
    Iki ýoly bar:
  • Başsahypadaky diwardan "Aýdym" seçgisine basyp, kompýuteriňizdäki aýdymy saýlamalysyňyz.
  • Menudan "Aýdym" bölümine girip, "Bir Aýdym Ýükle" ýa-da "Albom Aç" seçgilerine basyp, kompýuteriňizdäki aýdymy saýlamalysyňyz.
  • KSS Bloglar

    Nädip blog goşmaly / ýazmaly?
    E-Dostluk saýtynda günlük täzelik ýa-da gepleşikleri blog bölümimize ýazyp bilersiňiz.
    Blog Goşmak:
    1. Iň ýokardaky panel menudan "Bloglar" bölümine girip, sag ýokarda "Täze Blog Aç" düwmesine basyň. Gerekli sazlamalary (tegler,kategoriýa,gizginlik) sazlaň.
    2. Başsahypadaky paýlaşym diwaryndan "Blog" seçgisini saýlap, sözbaşy we mazmunyny ýazyp paýlaşyň.

    KSS Forumlar

    Forum näme? Nädip ulanmaly?
    Forum Näme?: Belli kategoriýalarda tertiplenen temalar ýa-da bloglardyr. Tehnologiýa bölüminden tut-da tä Gyzlar bölümi, Din bölümi we Ylym-Bilim bölümine çenli köp kategoriýalara aýrylan temalar bar. Agzalar tema goşup bilerler.
    Nädip Ulanmaly?: Iň ýokardaky panel menudan Forumlar bölümine girip, okajak ýa-da ýazjak temaňyzyň kategoriýasyna girmelisiňiz.
    Nädip tema açmaly?
    Forumlar bölümine girip, açjak temaňyzyň degişli boljak kategoriýasyna giriň. Garşyňyza çykan "Täze Tema" düwmesine basyp, temaňyzyň sözbaşyny, mazmunyny, teglerini we beýleki sazlamalaryny sazlap "Kabul Et" düwmesine basyň.
    *** Temaňyza anketa ýa-da faýl hem berkidip bilersiňiz.
    Nädip Temany ýazana minnetdarlygymy ugradyp bilerin?
    Şol agzanyn forum temasyny açyň. Temanyň aşagynda "Haladym" seçgisine basyň.
    Nädip tema teswir ýazyp bilerin?
  • Eger-de açylan forum temasyna teswir ýazmak islesiňiz onda, temany açyň we iň aşakda "Täze Jogap" düwmesi bilen teswir/jogap ýazyp bilersiňiz.
  • Eger-de bir ýazylan teswire jogap ýazmak isleseňiz, onda şol teswiriň sag aşagynda "Jogapla" seçgisine basyň we teswiriňizi ýazyp, "Kabul Et" düwmesine basyň.
  • Forum temasyna nädip abuna bolup/pozup bilerin?
    Abuna bolmak isleýän temaňyzy açyň we sag ýokarda Tema Esbaby seçgisi bilen abuna bolup bilersiňiz. Abunalygyňyzy aýyrmak üçin hem şol bir ýoly yzarlaň.

    KSS Sahypalar

    Nädip Sahypa açmaly? Nädip ulanmaly?
    E-Dostluk saýtynda sahypa açmak gaty aňsat.
  • Iň ýokardaky panel menudan "Sahypalar" bölümine girip, sag ýokarda "Sahypa Aç" düwmesine basyň. Garşyňyza çykan penjireden sahypanyň kategoriýasyny saýlaň we sahypanyň adyny ýazyp "Ulanmana Başla" düwmesine basyň.
    Sahypanyň işlewi: Bu saýtda sahypa diýmek, topar diýmekdir. Sahypanyň kategiýasyny saýlanyňyzda, Topar we Jemgyýetler Kategoriýasynyň Topar/Gruppa Ast kategoriýasyny saýlasaňyz, sahypaňyz topar funksiýalary bilen işler. Beýleki kategoriýalarda bolsa, sahypa funksiýalary ýörgün bolar.
    * Sahypa bilen Profiliň görnüşi meňzeşräk bolsa-da arasynda işleýiş tapawudy bardyr.
    ** Unutmaň! Sahypalaryň gizginligi(Halan agza/Halamadyk agza) sebäpli, sahypa paýlaşymlary diňeje sahypanyň janköýerlerine görkeziler.
  • Sahypany nädip dolandyrmaly?
    Sahypany diňeje şol sahypanyň administratorlary dolandyryp biler. Sahypada çep ýokarda "Amallar" düwmesinden "Dolandyr" seçgisine basyň.
    Detallar
    Bu ýerde siz sahypanyň kategoriýasyny we adyny sazlap bilersiňiz.
    Maglumatlar
    Bu ýerde sahypa hakynda ähli düşündiriş maglumatlaryny girizip bilersiňiz. Girizip bolan soň, "Täzele" düwmesine basmany unutmaň.
    Surat
    Bu ýerde siz sahypanyň profil suratjygyny üýtgedip bilersiňiz. Suratyň aşagyndaky "Şu ýerik" seçgisine basyň we täze surat ýükläň.
    Rugsatlar
    Bu ýerde siz sahypanyň ähli taraplaýyn gizginligini sazlap bilersiňiz.
    Çakylyk
    Bärde siz E-Dostluk saýtyndaky agzalary sahypaňyza çagyryp bilersiňiz.
    URL
    Bu bölümde siz sahypaňyzyň URL adresini kesgitläp bilerisiňiz. Meselem: asgabat sahypasynyň ähtimal URL adresi (www.e-dostluk.com/asgabat)
    Adminler
    Bu bölümde siz sahypanyň adminlerini (dolandyryjylaryny) üýtgedip, goşup, aýyryp bilersiňiz.
    Predmetler
    Bu bölüm entek sazlanyşda.
    Ýaşaýan Ýeri
    Bu sahypaňyzyň ýerleşýän ýeridir. Adres girizip, kartdan saýlap bilersiňiz.
    Habarlaş
    Bu bölümde siz, sahypany halan agzalaryň siziň bilen habarlaşmak mümkinçiligini hödürläp bilersiňiz. Gutujygy aktiw ediň, düşündiriş, mowzuk we e-poçta adresiňizi giriziň.

    KSS Anketalar

    Anketa näme? Nädip düzmeli?
    Anketalar, bilşimiz ýaly bir topardaky adamlaryň belli tema hakyndaky pikirlerini almak üçin ulanylýar.
    E-Dostluk saýtynda hem anketalar agzalar arasynda pikir-jogap alyp bermek maksady bilen ulanylýar.
    Anketa Düzmek:
  • Panel Menudan:Iň ýokardaky panel menudan "Anketalar" bölümini açyp, sag ýokardaky "Täze Anketa Goş" seçgisine basmak bilen, öz anketa soragyňyzy agzalarymyza sorap bilersiňiz.
    Sazlamalary: Sorag we birnäçe jogabyny goşuň. Isleseňiz surat hem berkidip bilersiňiz. Görkezme we Teswir gizginligini, hem-de goşmaça seçgileri (Agzalaryň sesleri görkezilsinmi?) sazlap, anketany iberiň.
  • Başsahypa Diwardan: Başsahypadaky paýlaşym diwaryndan "Anketa" seçgisine basyp, sorag we birnäçe jogaplaryny girizip, "Paýlaş" düwmesine basmagyňyz ýeterlidir.
  • Nädip bir anketa pikrimi ýazyp bilerin?
    Pikriňizi bermek isleýän anketaňyzy açyň. Anketanyň elýeterli jogaplaryndan birini saýlap, "Pikrimi Ber" düwmesine basyň. Eger-de jogaplaryň arasynda siziň pikriňize meňzeş jogap ýok bolsa, onda anketanyň özüne teswir ýazmak bilen pikriňizi anketanyň eýesine mälim edip bilersiňiz.
    Anketany nädip üýtgedip / pozup bilerin?
  • Üýtgetmek: Bir anketany diňeje eýesi(düzen agza) üýtgedip biler. Üýtgetmek üçin, anketaňyzy saýlaň we çykan seçgilerden "Üýtget" seçgisine basyň. Täzelemeleriňizi girizenden soňra "Täzele" düwmesine basyň.
  • Pozmak: Bir anketany diňeje eýesi(düzen agza) pozup biler. Pozmak üçin, anketaňyzy saýlaň we çykan seçgilerden"Poz" seçgisine basmagyňyz ýeterlidir.
  • KSS Soragnamalar

    Soragnama näme? Nädip düzmeli?
  • Soragnama näme?: Saýtdaky agzalary öz aralarynda her hili sorag-jogap alyşyp we ýaryşyp bilerler.
  • Soragnama nädip düzmeli?: Iň ýokardaky panel menudan "Soragnamalar" bölümine basyň. Sag ýokarda "Täze Soragnama Goş" düwmesi basyň. Soragnamanyň Adyny, Düşündiriş Mazmunyny, Suradyny, Soragyň özüni we birnäçe Jogaplaryny we Gizginliklerini girizmelisiňiz. Dogry jogaby, jogaplaryň ýanyndaky "dogry" symbolyna basyp kesgitläň!!!
  • KSS Çäreler

    Çäre näme? Nädip düzmeli?
  • Çäre näme?: Saýtdaky agzalary öz aralarynda her hili çäre, merapriýatiýa gurnap bilerler.
  • Çäre nädip düzmeli?: Iň ýokardaky panel menudan "Köpräk" bölüminden "Çäreler" seçgisini saýlaň. Sag ýokarda "Täze Çäre Düz" düwmesi bilen çäre gurnap bilersiňiz. Çäräniň kategoriýasyny, Adyny, Düşündiriş Mazmunyny, Başlaýan we Gutarýan wagtyny, boljak Ýeriniň Adresini we Gizginliklerini girizmelisiňiz.Meselem: Doglan gün çäreleri, Otyryşyk çäreleri, Gezelenç we ş.m.
    *** Mundan başga-da Başsahypada sag blok menulardan hem Çäre Gurnap bilersiňiz.
  • KSS Söwdä Merkezi

    Söwdä Merkezinden nädip haryt satyn almaly?
    Iň ýokardaky panel menudan "Söwdä Merkezi" bölümine giriň. Satyn aljak harydyňyzy tapyp, eýesi bilen habarlaşyň.
    *** Biz (E-Dostluk) aluw-satuwlarda hiç hili jogapkärçiligi üstümize alamzok.
    *** Aluw-satuwlarda 1.derejeli jogapkär harydy satýan eýesidir.
    Söwdä Merkezi näme? Nädip Haryt Goşmaly?
  • Söwdä Merkezi näme?: Saýtymyzda agzalarymyz her hili harytlary satyp we satyn alyp bilerler.(Iň aşakdaky panel menudan "Şertler" bölüminden "Rugsat berilýän Harytlar" paragrafyny okaň!!!)
  • Nädip Haryt Goşmaly?: Iň ýokardaky panel menudan "Söwdä Merkezi" bölümine basyň. Sag ýokarda "Täze Haryt Goş" düwmesi basyň. Harydyň Kategoriýasyny, Adyny, Düşündiriş Mazmunyny, Pul birligini we Nyrhyny, Harydyň Ýerini we Gizginliklerini giriziň, "Kabul Et" düwmesine basyň. Soňra garşyňyza gelen penjireden harydyňyzyň suradyny ýükläň, we "Çagyr" bölümi bilen bu harydy dostlaryňyza mälim edip bilersiňiz.
  • KSS Sowgatlar

    Sowgatlary nädip ulanmaly?
    Iň ýokardaky panel menudan "Köpräk" bölümindäki "Sowgatlar" seçgisine giriň.
  • Sowgat ugratmak: Her sowgadyň bahasy ýazlandyr. Ugratmak isleýän sowgadyňyzy E-Dostluk Manadyňyz bilen satyn almaly bolarsyňyz. Manadyňyz ýok bolsa, sowgat ugradyp bilmersiňiz.
  • Sowgat Dükany: Birnäçe kategoriýalar aýrylan sowgatlar agzalarymyza elýeterlidir.
  • Gelen Sowgatlarym Size gelen sowgatlaryňyz görkeziler.
  • Iberilen Sowgatlarym Siziň iberen sowgatlaryňyz görkeziler
  • KSS Mugt SMS

    Mugt SMS işleýärmi?
    Biz (E-Dostluk) size dünýäniň islendik mobil operatorlaryna mugt sms ugratmak hyzmaty hödürleýäris. Emma käbir mobil operatorlar internet sms-ini ýa kabul etmeýänligi ýa-da tölegli kabul edýänligi sebäpli olara sms ugradyp bolanok.
    *** Tanymal, Dünýä belli ösen mobil operatorlaryň ählisi internet sms-ini mugt kabul edýär, şol sebäpli bu mobil operatorlaryna E-Dostluk Mugt SMS hyzmaty arkaly sms ugradyp bilersiňiz.

    KSS Hatlar (Mail)

    Şahsy Hatlarymy nireden okamaly?
    Başsahypada gözleg funksiýasynyň sag tarapyndaky "Hatlarym" symbolyna basyp, "Ähli Hatlarymy Görkez" seçgisine basyň. Bu ýerden siz, GELEN/GIDEN HATLARYŇYZY dolandyryp bilersiňiz.
    *** Saýtymyzdaky agzalardan gelen ähli şahsy hatlaryňyz şol bölüme gelip düşer.
    Gelen Şahsy hatlary nädip jogaplamaly?
    "Gelen Hatlarym" bölümindäki jogaplajak hatyňyzyň üstüne basyň, jogabyňyzy ýazyp "Iber" düwmesine basyň.
    Nädip şahsy hat ýazmaly?
    3 ýoly bar:
  • Şahsy Hatlar (POÇTA) bölümini açanyňyzda, sag ýokarda "+Ýaz" düwmesine basyň. Gelen penjireden, dostlaryňyzyň adyny we hatyňyzy ýazyp, "Iber" düwmesine basyň.
  • Haýsy dostuňyza hat ugratjak bolsaňyz, şonuň profiline giriň. Sag ýokarda "Hat Iber" düwmesi bilen oňa şahsy hatyňyzy iberip bilersiňiz.
  • Haýsy dostuňyza hat ugratjak bolsaňyz, şonuň adynyň üstünde gelip duruň. Bir garaja penjire çykar, şonuň iň aşagynda "Hat Ýaz" seçgisi bar. Şuny ulanmak bilen siz oňa şahsy hatyňyzy iberip bilersiňiz.
  • KSS Çat

    E-Dostluk çat sistemasyny nädip ulanmaly?
    E-Dostluk saýtynyň iň aşagynda panel çat sistemasy bardyr. (BETA wersiýada)
    Işlewleri:
  • Çat Paneli Gizlemek: Panelde iň sagdaky symbol arkaly siz aňsatlyk bilen çat panelini gizläp bilersiňiz.
  • Sazlamalar: Gizleme symbolynyň ýanyndaky bölejik bilen, siz statusyňyzy, çat bildirişlerini, çat seslerini we gulply agzalary sazlap bilersiňiz.
  • Kimler Onlaýn: Bu bölekde siz, onlaýn E-Dostluk agzalary bilen çat edip bilersiňiz.
  • Başsakypa Symboly: Bu symbol çat paneliniň iň çepinde ýerleşýär. Hemişe başsahypa gitmek isläniňizde, şu symbola basyň.
  • Duýduryşlar: Bu bölekde, täzelik, täsinlik, reklama duýduryşlary ýer alar.
  • Facebook: Bu bölek Facebook reklama bölegidir.
  • Twitter: Bu bölek Twitter reklama bölegidir.
  • Vkontakte: Bu bölek Vkontakte reklama bölegidir.
  • Walýuta: Bu bölekde siz aňsatlyk bilen islendik pul birligini islendik pul birligine öwrüp bilersiňiz. (Walýuta hemişe täzelenýär. Anyk şol günüň nyrhlary bilen işleýär)
  • Paýlaş:Bu bölekde, görüp oturan sahypaňyzy beýleki sosiýal saýtlarda (Facebook/Twitter/Google+/MoyMir/Vkontakte/Odnoklassniki) paýlaşmagyňyza kömek eder.
  • Iň Ýokary Git:Bu symbola basmak bilen, siz sahypanyň iň ýokarysyna gidip bilersiňiz.
  • Çatda oýun oýnap bolýarmy?
    Hawa bolýar. "Kimler Onalýn" bölüminden dostuňyzy saýlaň we gapdaldan çykan penjiräniň çep ýokarsynda "Oýunlar" seçgisine basyp, birnäçe oýunlar arasynda birini saýlaň. Dostuňyz hem sizden gelen oýun teklibini kabul edensoň, oýun başlar.

    KSS Reklamalar

    Saýtda nädip haryt ýa-da firma reklama berip bolýar?
    Şu wagt, E-Dostluk saýtynda 3 hili reklama berip bolýar:
  • Başsahypada sag tarapdaky bölejiklerde
  • Iň aşakdaky çat panelinde
  • Duýduryşlar bölüminde Ýöne bu hyzmatymyz töleglidir. Töleg barada maglumat üçin E-Dostluk Topary bilen habarlaşyň.
  • KSS Oçkolar

    Oçko näme? Nähili işleýär?
  • Oçko näme?: Saýtdaky agzalaryň her paýlaşymlary, hereketleri olara oçko gazandyrar.
  • Oçko näme gerek?: Oçkolary diňeje Manat hasabyňyza geçirip bilersiňiz.
  • Manat hasaby näme?: Bu E-Dostluk saýtyndaky her bir agzanyň wirtual pul hasabydyr.
  • Manat hasaby näme gerek?: Manat hasaby (şu wagtlaýyn) diňeje "Sowgatlar" bölüminden sowgat alyp ugratmak üçin gerek. Gelejekde, kitap, dokument, kino, aýdym düşürip almak üçin hem giriziler.
  • Nädip oçko gazanmaly?
  • Aşakdaky şu işlewleri ýetire getirip, kesgitlene oçkolary gazanyp bilersiňiz.
    Dostlaryňy Çagyr: +7 oçko (Diňeje iň aşakdaky menu panelden "Çagyryň" seçgisi bilen)
    Surat Paýlaş: +1 oçko
    Wideo Paýlaş: +1 oçko
    Anketa Düz: +1 oçko
    Blog Ýaz: +1 oçko
    Forum Tema Ýaz: +1 oçko
    Faýl Berkitme: +1 oçko
    Çäre Düz: +1 oçko
    Soragnama Goş: +1 oçko
    Sahypa Aç: +1 oçko
    Söwdä Merkezine Haryt Goş: +1 oçko
  • Beýlekiler

    Manat Hasaby Näme? Nähili işleýär?
  • Manat hasaby näme?: Bu E-Dostluk saýtyndaky her bir agzanyň wirtual pul hasabydyr.
  • Manat hasaby näme gerek?: Manat hasaby (şu wagtlaýyn) diňeje "Sowgatlar" bölüminden sowgat alyp ugratmak üçin gerek. Gelejekde, kitap, dokument, kino, aýdym düşürip almak üçin hem giriziler.
  • Manat hasabyna nädiň pul geçirip bilerin?: Oçkolaryňyzy manada öwrüp bilersiňiz. Ýa-da Manat paketlerini satyn alyp bilersiňiz. Mundan başga-da, beýleki agzalardan manat ugrat diýip sorap bilersiňiz, ýöne ugradylan mukdar olaryň manat hasabyndan azaldylar.
  • Manat hasabymdaky pullary nädip peýdalanyp bilerin?: Manatlaryňyzy diňeje saýtymyzda peýdalanyp bilersiňiz. Şu wagtlaýyn diňeje SOWGATLAR bölüminden bir agzamyza sowgat ugratjak bolsaňyz wirtuak manatlaryňyzy ulanyp bilersiňiz.
    *** Bular wirtual manatlar, hakyk manat däldir. Söwdä Merkezinde wirtual manatlar ýörgünsizdir.
  • E-Manat pakedini satyn alyp bolanok, kömek gerek?
    PayPal: E-Manat pakedini satyn aljak bolsaňyz, onda ilki bilen "Hasabym | Hasap Sazlamalary" seçgisine girip, iň aşakdaky Töleg usullaryna PayPal e-poçta adresiňizi girizmelisiňiz. PayPal Hasabynyňyz ýok bolsa, onda ýene şol bir PayPal usuly bilen "kredit, bank, wisa kartlar" tölegi hem elýeterli.
    BELLIK: Eger-de PayPal e-poçtaňyzy girizmeseňiz onda, "Hiç töleg usuly girizilmänsiňiz" hatasy ýüze çykar.